Türkmenistanda pensionerleri nagt däl hasaplaşyga geçirýärler

+2 ses
104
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 23.06.2018 11:47 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#155)
Türkmenistanda pensionerlere maý aýynda birden pensiýalaryň iýundan başlap, ozalkylary ýaly bank bölümlerinde nagt däl-de, bank kartlaryna geçirilip beriljekdigini, şu sebäpden gyssagly bank hasaplaryny açdyrmalydyklaryny habar berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, beýle gysga wagt içinde pensionerleriň ählisiniň dokumentlerini gaýtadan resmileşdirmek mümkin bolmansoň, iýundan başlap diňe 65 ýaşdan bärdäki pensionerleriň pensiýalarynyň karta geçirljekdigini yglan etdiler. Galan ýaşy uly pensionerleriň pensiýalary biraz giç nagt däl hasaplaşyga geçiriler.
Pensionerlere pasportlarynyň nusgalaryny tabşyryp, bank kartlary üçin 20 manatdan pul tölemegi teklip etdiler. Olar üçin arza blankalary bank işgärleri tarapyndan dolduryldy.
Netijede, uly bökdençlikler bilen-de bolsa, nagt däl töleg sistemasy 1-nji iýundan işläp başlady. Ýöne pensionerleriň ählisi kartlaryny resmileşdirip ýetişmediler we olara geçen aýyň pensiýasy geçirilmedi. Wagtynda pensiýasy geçirilmedik adamlara pensiýalaryny nagt almaklary üçin talon berildi.
Kartlaryny alan pensionerlere olardan nähili peýdalanmalydygyny öwretmediler. Şeýle-de, kartlaryň ozal yglan edilişi ýaly, 65 ýaşa çenli bolan pensionerlere däl-de, 70 ýaşa çenli  pensionerlere beriljekdigi belli boldy. Bu ýagdaý banklarda uly nobatlaryň döremegine alyp geldi.
Pensiýalar karta geçirilende we bankomatlardan nagt pul alnanda banklaryň hyzmatlary üçin töleg tutulmagy bolsa, kart eýeleri üçin ýene bir ýakymsyz we garaşylmadyk zat boldy. Nagt pul çykarylanda 1%-den sähel gowrak tutum tutulýär. Mysal üçin, bankomatdan 400 manat pul nagtlaşdyryp alsaň, bankyň hyzmatlary üçin 4,6 manat tutum tutulýar.
Bankomatlarda nobatlar döräp başlady. Sebäbi, Aşgabatda-da bank kartlary arkaly töleg edilýän terminallar dükanlaryň ählisinde ýok. Ýerli ýaşaýjylaryň aglabasy bazarlarda söwda edýärler we ol ýerde terminallar bolmansoň, diňe nagt hasaplaşmaly.
Regionlarda ýagdaý has-da kyn. Ol ýerlerde köp bolmadyk bankomatlar diňe iri şäherlerde oturdylypdyr we olaryň hem pullary basym gutarýar. Oba ýaşaýajylary şäherlere gidip, ol ýerden puly gutarmadyk bankomat gözlemeli.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

10 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 20:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#799)
Walla, şol bankomatlaryň öňündäki nobatlary görenimde ýüregim agyrýar, ýaşulularymyz üçin örän kyn boldy. Bizde hem şol terminal meselesi uly kynçylyk, bazarda kart geçmeýän bolsa nämä gerek ol karta?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 07:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#836)
Wah, bu işler edil şeýle boljakdygy bellidi. Oba ýerlerinde ýaşaýan garrylar üçin hakyky kynçylyk boldy, bankomata ýetjek diýip gözleri gidişýär.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 16:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1541)
nazaroff, dogry aýdýarsyň, bu ýagdaý entek köp kynçylyk döretjek ýaly. Ene-atalarymyz şol nobatlarda kösenip, saglyklaryny ýitirmeseler ýagşy welin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 04:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1584)
Wah, bu kart meselesi ýaşulylarymyzy örän kösedi. Oba ýerlerinde bankomat ýok bolsa, adamlar puluny alyp bilmän näme etsin, bu gaty kyn ýagdaý.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1679)
nazaroff, dogry aýdýarsyň, bu ýagdaý kän adama kynçylyk döredýär, öýümizdäki ýaşulular hem bankomat gözläp kösenýärler. Görüp ýörler. Göräýmeli, haçan kadalaşarka bu zatlar?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 09:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1702)
Wah, bu işler ýene-de adamlaryň üstüne düşdi-dä. Oba ýerlerinde ýaşaýan garrylar üçin hakykatdanam örän kyn boldy, bankomat gözläp şäherme-şäher çapyp ýörmekleri gynandyrýar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 10:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1990)
nazaroff dogry aýdýarsyňyz, bu ýagdaý entek köp adama kynçylyk döreder ýaly. Bizem şol nobatlarda kösenip ýörüs, haçan kadaly düzgüne girerkä?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 10.04.2026 22:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2361)
Wah, bu zatlar kän kynçylyk döredýär, esasanam oba ýerlerinde ýaşaýan garrylar üçin. Köp adamlardan eşidýärin, bankomatlaryň ýanynda wagtyňy ýitirip durmak hakykatdanam ýadadyjy bolmaly.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 21:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2628)
nazaroff dogry aýdýarsyň, bu kart meselesi garrylara kän kynçylyk döretdi. Oba ýerlerinde bankomat ýok, pul aljak bolup şähere gatnap näçe wagtyň ýitýändigini görenim bäri ýüregim awaçýar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 16.04.2026 22:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2749)
Wah, bu işler edil gyssagly edilenden soňra hemişe şeýle kynçylyk çykýar. Obadaky ýaşulularymyzyň ýagdaýy hakda pikir edýän bolsaň, hakykatdan hem kyn bolupdyr.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (512 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (316 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...