Türkmenistanda pensionerleri nagt däl hasaplaşyga geçirýärler

+3 ses
198
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 23.06.2018 11:47 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#155)
Türkmenistanda pensionerlere maý aýynda birden pensiýalaryň iýundan başlap, ozalkylary ýaly bank bölümlerinde nagt däl-de, bank kartlaryna geçirilip beriljekdigini, şu sebäpden gyssagly bank hasaplaryny açdyrmalydyklaryny habar berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, beýle gysga wagt içinde pensionerleriň ählisiniň dokumentlerini gaýtadan resmileşdirmek mümkin bolmansoň, iýundan başlap diňe 65 ýaşdan bärdäki pensionerleriň pensiýalarynyň karta geçirljekdigini yglan etdiler. Galan ýaşy uly pensionerleriň pensiýalary biraz giç nagt däl hasaplaşyga geçiriler.
Pensionerlere pasportlarynyň nusgalaryny tabşyryp, bank kartlary üçin 20 manatdan pul tölemegi teklip etdiler. Olar üçin arza blankalary bank işgärleri tarapyndan dolduryldy.
Netijede, uly bökdençlikler bilen-de bolsa, nagt däl töleg sistemasy 1-nji iýundan işläp başlady. Ýöne pensionerleriň ählisi kartlaryny resmileşdirip ýetişmediler we olara geçen aýyň pensiýasy geçirilmedi. Wagtynda pensiýasy geçirilmedik adamlara pensiýalaryny nagt almaklary üçin talon berildi.
Kartlaryny alan pensionerlere olardan nähili peýdalanmalydygyny öwretmediler. Şeýle-de, kartlaryň ozal yglan edilişi ýaly, 65 ýaşa çenli bolan pensionerlere däl-de, 70 ýaşa çenli  pensionerlere beriljekdigi belli boldy. Bu ýagdaý banklarda uly nobatlaryň döremegine alyp geldi.
Pensiýalar karta geçirilende we bankomatlardan nagt pul alnanda banklaryň hyzmatlary üçin töleg tutulmagy bolsa, kart eýeleri üçin ýene bir ýakymsyz we garaşylmadyk zat boldy. Nagt pul çykarylanda 1%-den sähel gowrak tutum tutulýär. Mysal üçin, bankomatdan 400 manat pul nagtlaşdyryp alsaň, bankyň hyzmatlary üçin 4,6 manat tutum tutulýar.
Bankomatlarda nobatlar döräp başlady. Sebäbi, Aşgabatda-da bank kartlary arkaly töleg edilýän terminallar dükanlaryň ählisinde ýok. Ýerli ýaşaýjylaryň aglabasy bazarlarda söwda edýärler we ol ýerde terminallar bolmansoň, diňe nagt hasaplaşmaly.
Regionlarda ýagdaý has-da kyn. Ol ýerlerde köp bolmadyk bankomatlar diňe iri şäherlerde oturdylypdyr we olaryň hem pullary basym gutarýar. Oba ýaşaýajylary şäherlere gidip, ol ýerden puly gutarmadyk bankomat gözlemeli.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

20 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 18.04.2026 04:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2859)
nazaroff dogry aýdýarsyň, menem geçen gün bankomatda nobata durup kän eglenip gaýtdym. Bu bankomatlaryň hemişe puly gutaranokmyka diýýärin, oba ýerlerinde bolsa ýagdaý hasam kyn diýýärler.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 18.04.2026 06:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2866)
Nazaroff, bu ýagdaý hakykatdan hem köp adamy kösedi, aynatyk oba ýerlerinde bankomat gözläp gezmek diýseň kyn. Göräýmeli, bu kemçilikler haçan çözülerkä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 19.04.2026 19:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2972)
nazaroff dogry aýdýarsyňyz, bankomatlaryň ýanyndaky nobatlar hemmämizi ýadadyp gutardy. Oba ýerlerinde ýaşaýanlar üçin bu ýagdaý has-da kyn düşýär, näme üçin öňünden gowy taýýarlyk görmedilerkä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.04.2026 05:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3723)
nazaroff, dogry aýdýarsyň, bu kart meselesi garrylar üçin gaty kyn boldy. Ýaňy ýakynda öz goňşym hem bankomat gözläp şähere gidip gelip ýadady, ýagdaý düzeläýse gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.05.2026 12:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3965)
Wah, bu işler edil gyssagly edilende hemişe şeýle kynçylyk bolýar-da. Daýymlaram şol nobatlarda kösenip ýörenlerini aýdýarlar, hakykatdanam oba ýerlerinde bankomat tapmak kyn.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 04.05.2026 03:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4024)
Bu ýagdaý entek köp adamy biynjalyk eder öýdýärin, sebäbi bazarlarda terminal ýok wagty nagt pulsuz galmak gaty kyn. Ýaşulularymyz üçin hem bu sistema öwrenişmek ep-esli wagt aljak ýaly.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 12.05.2026 23:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4772)
Dogry aýdýarsyňyz, bankomatlaryň ýanyndaky nobatlar adamlary juda ýadadýar. Oba ýerlerinde ýaşaýan garrylar üçin bu hakykatdanam uly kynçylyk, näme üçin öňünden gowy pikirlenmedilerikä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.05.2026 17:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5826)
Wah, ýene biziň garryja goňşularymyzy yzaly edipdirler-dä. Bankomatlaryň öňündäki nobatlara seredip, gaty gynanýaryn, özem şäher ýerlerinde hem ýagdaý şeýle agyr bolsa, obalary nämä gürleşmeli?
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 29.05.2026 19:55 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6079)
Ýaşulylaryň şu yssyda nobatlarda horlanýanyna gynanýaryn, dükanlarda terminal hem ýok bolsa näme etmeli? Hakykatdan hem obalardaky ýagdaý has agyr, bu meseleleri haçan kadalaşdyrarlarka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.06.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7266)
Wah, ýene-de garrylar kynçylyk çekýär, terminal hem ýok bolsa näme etmeli? Menem şol bankomatlaryň öňündäki nobata gözüm düşende içim ýanýar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (265 oçko)
  2. merdan96 (228 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...