Stambulda işleýän Türkmen raýaty iki adamy çekiçläp öldürdi

+5 ses
229
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 21.12.2017 05:19 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#99)
Stambulyň polisiýasy 19-njy dekabr 2017-de Türkmenistanyň 30 ýaşyndaky raýaty Gurtgeldi K.-ny tussag etdi. Ol iki adamy öldürmekde gümän edilýär.
Türkiýäniň SonDakika neşiri habar berilmegine görä, Gurtgeldi 11-nji dekabrda Türkiýäniň raýaty Rukiye Baljy (51) we Gürjistanyň raýaty Ymawerdi Kazymowyň (61) ýanynda Türkiýäniň Büýükçekmeje etrabynda işe başlaýar. Şol gün agşam Gurtgeldi bu iki adamy öldüripdir. 11-nji dekabr 2017-de bolan ganhorlygyň sebäbi öý eýesi bolan aýal Gurtgeldä öz jaýynda gije galmaga rugsat bermänligi diýip aýdylýar. Ýagny, agşam işi gutaransoň Gurtgeldi galmaga ýeriniň ýokdygyny olaryň ýanynda galmak isleýändigini aýdýar. Ýöne Ymawerdi Kazymow muňa rugsat berip bilmejegini aýdýar. Bu sebäpli Gurtgeldi we Imawerdi arasynda söz dalaşy çykýar we Gurtgeldi çekiç bilen Ymawerdiniň kellesinden batly urýar. Ymawerdi şol bada ýere ýykylyp ölýär. Muny gören Rukiye Baljy bolsa polisiýa habar etjek bolýar welin Gurtgeldi ony hem çekiçläp öldürýär. Bu ganhorlyk eden soň, Gurtgeldi pidalaryň ikisiniň hem mobil telefonyny alyp gaçýar.
Polisiýa telefon signallaryny yzarlamana synanşýar. Ýapyk duran telefondan ilkinji  signal 18-nji dekabr 2017-de gelýär, polisiýa signalyň gelen ýeriniň bir ikinji-el ulanylan telefon dükanydygyny anyklaýar. Dükan eýeleriniň aýtmagyna görä Gurtgeldi telefonlary bu dükana satan eken. Polisiýa Gurtgeldiniň yzyny şol dükanda oturdylan wideo gözegçilik ýazgylary barlap tapdylar.
Neşiriň maglumatyna görä, Gurtgeldi jenaýat edendigini boýun aldy.

ÇEŞME: https://www.sondakika.com/haber/haber-balyozla-iki-kisiyi-oldurdugu-belirlenen-supheli-10361655/

7 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 15:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#492)
Wah, nämeler bolup geçýär?! Şeýle adamlar sebäpli daşary ýurtda işleýän beýleki watandaşlarymyza hem kyn bolýar, gaty ýaramaz zat bolupdyr.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 27.03.2026 09:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1061)
Wah, şeýle betbagtçylyklar eşidende adam örän gynanýar, hemme ýerde özüňi alyp barmagy başarmaly. Daşary ýurtda işläp ýörkäk, öz abraýymyzy gorap ýaşasak gowy bolardy.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 21:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1183)
Wah, nämeler bolýar-aý. Adamkärçilik barha azalýar, sebäbi näme bolsa bolsun şeýle rehimsizlik bilen adam janyna kast etmek bolmaýar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1324)
Wah, şeýle betbagtçylyklar eşidende adam çydap bilmeýär. Ýurtdan daşda işläp ýören ildeşlerimize näme bolýar, beýle gandüşerlik nämä gerek?
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 11:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1335)
Wah, nämeler bolup ýatyr, adamkärçilikden çykanlaram az däl. Şeýle waka eşidenimde türkmenleriň adyna gaty utanç edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2192)
Wah, nämeler bolýar-a! Şeýle waka eşidenimde adamyň içinden birhili bolýar, adamkärçilik ýitip barýan ýaly. Gaty erbet waka bolupdyr.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 09.04.2026 16:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2252)
Wah, nämeler bolýar-aý. Adamkärçiligiň pese düşeni şumydy, bir gije galmak üçin şeýle rehimsizlige ýol bermek nämä geler?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...