VISA firmasy türkmen banklaryna berýän hyzmatlaryny togtatdy

+3 ses
243
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 08.12.2017 09:13 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#92)
Halkara töleg sistemasy VISA, türkmen banklarynyň VISA kompaniýasynyň öňündäki bergileri, şeýle-de Türkmenistanyň maliýe häkimiýetleriniň töleg kartlarynyň ulanylmagyna girizýän eden-etdilikli çäklendirmeleri zerarly, Türkmenistanyň banklaryna hyzmat etmegini togtatdy.
Häzirki pursatda türkmen banklarynyň kartlaryna hyzmat etmek 11-nji dekabra çenli togtadyldy. Şoňa çenli türkmen tarapy $30 million möçberindäki bergililik meselelerini çözmeli.
Bergilerden başga, VISA-nyň wekilleri Türkmenistanyň walýuta amallaryna girizýän yzygiderli çäklendirmelerinden hem nägile bolýar, sebäbi olar kampaniýanyň abraýyna ýaramaz täsir edýär.
Ýadyňyza düşýän bolsa, mundan birnäçe aý öňräk Türkmenistanyň daşary ykdysady iş banky noýabrda daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmagyň möçberini bir gije-gündiz dowamynda (24 sagatda) nagt görnüşinde $50 pul, nagt däl görnüşinde bolsa $200 möçberi bilen çäklenipdi. Emma soňra bu çäklendirilen görnüşdäki bank amallarynyň hem kynlyk bilen amala aşýandygy belli bolupdy.
VISA kartyndan başga Türkmenistanda MasterCard karty hem hereket edýär.

5 Teswir

+2 ses
Awtor: (Magistr) | 13.12.2017 11:09 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#94)
Visa kompaniýasynyň GDA we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça korporatiw aragatnaşyk bölüminiň direktory Anna Serdýuk 12-nji dekabrda beren ýazmaça jogaby bilen bu habary ýalana çykardy. Visa Türkmenistandaky hyzmatlaryna dowam edýänligi aýtdy.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 02:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#632)
Wah, ýene şol bir ýagdaý. Daşary ýurtda okap ýören talyplar üçin bu uly kynçylyk, näme etjegimizi bilemizok.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 17:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1263)
Wah, ýene şol bir ýagdaý. Daşary ýurtda okaýanlar ýa-da işleýänler üçin indi nämeler bolarka, baryp-ha ýene kynçylyk çekjek bolýarys öýdýän.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 02:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2048)
Bu ýagdaý bilen köpçülik indi näme ederka, bütinleýin kartlardan mahrum bolup galmasak ýagşydy. Daşary ýurtda okap ýören talyplar üçin bolsa bu hakyky kynçylyk boldy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 10.04.2026 04:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2294)
Bu ýagdaý entek köp wagtlap dowam eder öýdýärin, sebäbi pul meseleleri biziň ýurtda hiç haçan çalt çözülenok. Daşary ýurtda okap ýören talyplar üçin bolsa bu hakyky kynçylyk boldy.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (514 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...