Gülbadam Babamyradowa Soçide geçirilen 41-nji dünýä sambo çempionatynda altyn medala mynasyp boldy

+1 ses
122
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 13.11.2017 10:41 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#84)
9-13-nji Noýabr 2017-de Soçide geçirilen 41-nji dünýä çempionatynda Türkmen pälwany Gülbadam Babamyradowa sambo boýunça altyn medala mynasyp boldy.
Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa dzýudo we sambo boýunça ýaryşlarda birsyhly ýokary netijeler gazanmak babatynda tapawutlanýar. Ol 2012-nji ýylda Minskde geçirilen dünýä çempionatynda hem ýeňiş gazanypdy. Hususan-da, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Gapur Babakulyýewyň we Çemengül Geldibaýewanyň tälim berýän türgeni geçen ýylyň tomsunda Hytaýyň Taýpeý şäherinde guralan Aziýanyň açyk çempionatynda ýeňiji boldy.
Lebap welaýatyndan türgen zenan geçen ýylda gazanan esasy üstünliklerini “Gran-pri” tapgyrlarynda dzýudo boýunça oktýabr aýynyň başynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen ýaryşda birinji orny eýelemek we noýabr aýynda Hytaýyň Sindao şäherinde geçirilen ýaryşlarda ikinji orny eýelemek bilen gazandy. Şeýle hem ol Gazagystanda we Kuweýtde geçirilen dünýä we Aziýa çempionatlarynyň jemleri boýunça iň güýçli türgenleriň bäşligine girizildi.
Zehinli türgen gazanan ýokary sport netijeleri üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy, häzirki wagtda dünýä derejesinde 1171 utuk bilen 10-njy orny, olimpiýa hasabynda 954 utuk bilen 11-nji orny eýeleýän Gülbadamyň Braziliýanyň Rio-de-Janeýro şäherinde şu ýylyň tomsunda geçiriljek Olimpiada gatnaşjak türgenleriň hatarynda çykyş etmegi çaklanylýar. Munuň üçin G.Babamyradowa öňde boljak iri halkara bäsleşiklerinde hem ýokary görkezijileri saklap galmak zerurdyr. “Gran-pri” tapgyrynda ýene-de iki gezek dzýudo boýunça synag ýaryşlary geçiriler. Şol ýaryşlaryň birinjisi 20-25-nji ýanwar aralygynda Kubanyň paýtagty Gawanada, ikinjisi bolsa mart aýynda Tbiliside bolar. Maý aýynda bolsa Meksikanyň paýtagty Mehikoda dünýäniň dzýudoçylary Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda halkara ýaryşynda tutluşarlar.

7 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 20:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#801)
Gülbadamyň bu üstünligine örän begendim, watanymyz üçin uly buýsanç! Geljekki ýaryşlarda hem diňe ýeňiş arzuw edýärin, ýolun ak bolsun.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 14:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#858)
Azat gyzymyz Gülbadama diňe guwanmaly, geljekki ýaryşlarynda hem şowly çykyş etmegini arzuw edýärin. Hakykatdanam, türkmen sportunyň abraýyny göterýän şeýle zehinli türgenlerimiziň bolmagy örän buýsançly.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 27.03.2026 08:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1054)
Nazaroff, Gülbadamyň üstünlikleri bizi örän begendirýär, geljekde Olimpiadada hem şeýle şowlulyk arzuw edýärin. Göräýmeli, ol öňümizdäki bäsleşiklerde hem bizi buýsandyrar diýip umyt edýärin.
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 01:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1104)
Azat dogry aýdýarsyň, Gülbadamyň gazanan üstünlikleri bizi diýseň buýsandyrýar. Nazaroff, şeýle zehinli türgenlerimiziň geljegine uly ynamym bar, täze ýeňişlerine garaşýarys!
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 13:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1246)
Gülbadam hakykatdan hem buýsanjymyz. Geljekki ýaryşlarda hem diňe ýeňiş gazanmagyny arzuw edýärin, ýoluna ak ýol bolsun!
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 16.04.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2698)
Gülbadam hakykatdan hem guwandyryjy netijeleri görkezýär. Şeýle zehinli türgenlerimiz köp bolsun, geljekki ýaryşlarda hem diňe üstünlik arzuw edýärin!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 18:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2821)
Nazaroff, Gülbadamyň bu üstünligi hakykatdan hem buýsançly ýagdaý, ýurdumyzyň adyny şeýle derejelerde belent tutýan türgenlerimiz köp bolsun. Geljekki ýaryşlarda hem oňa uly üstünlikler arzuw edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...