Käýinçden soň Türkmentelekom internet bahalaryny arzanlatdy

+4 ses
209
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 17.10.2017 12:26 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#76)
Bilişimiz ýaly Türkmenistanda internet hyzmatyny berýän döwlet firmasy "Türkmentelekom" monolog pozissiýada. 5-nji Oktaýbrda geçirilen Mejlisde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aragatnaşyk ministri Baýramgeldi Öwezowa “edilen aragatnaşyk hyzmatynyň möçberini kemeldenligi üçin” käýinç bildirdi. Şondan soň Türkmentelekomyň resmi saýtynda (https://online.tm/tm/home-internet) ADSL internete birikmek üçin tarifleri peseltdi. Muňa görä, 2017-nji ýylyň 5-nji oktýbaryndan 31-nji oktýabryna çenli çäklendirmesiz internetiň peseldilen bahalary boýunça täze tarif planlary elýeterli bolar.
256 Kbit/s tizlikli internete birikmegiň bahasy 190-dan 135 manada çenli peseldiler (döwlet kursunda $38,5 ýa-da “gara bazar” kursunda $19), 512 Kbit/s tizlikli tarif adatça 250 manat bolan bolsa, indi 150 manada (döwlet kursunda $43 ýa-da “gara bazar” kursunda $21) elýeterli bolar. Şeýle-de, internete baglanmagyň maksimal tizligi 1-den 2 Мbit/s-e çenli artdyrylar, bu tarif 250 manada (döwlet kursunda $71 ýa-da “gara bazar” kursunda $36) durýar.
Aýlyk töleglerden başga, täze müşderileriň baglanmak üçin bir gezek 20 manat (döwlet kursunda $5,7 ýa-da “gara bazar” kursunda $3) manat, oturtmak üçinem 20 manat tölemegi zerur.
Bahasynyň wagtlaýyn arzanlanladylandygyna garamazdan, Türkmenistanda internet örän haýal we juda gymmat bolmagynda galýar.
Dünýäniň 131 ýurduny öz içine alýan Speedtest Global Index aýlyk reýting görkezijisinde Türkmenistan boýunça maglumatlar ýok, emma iň ýaramaz netijäni baglanmagyň ortaça tizligi bilen (3,42Мbit/s) Wenezuela görkezdi, bu Türkmenistanda hususy adamlara elýeterli bolan baglanmak tizliginden bir ýarym esseden gowrak tiz bolýar.
Reýtingiň başyny Singapur çekýär, bu ýerde internete baglanmagyň ortaça tizligi 156 Мbit/s-e barabar.
Türkmenistanda ADSL liniýasy boýunça basglanmagyň maksimal mümkin bolan tizligi 10 Мbit/s-e deň, emma ol diňe korparatriw müşderiler üçin eleýterli. Bu tarif hususy firmalar üçin bir aýda $4561 bolar ýa-da döwlet edaralary üçin $3638 bolar.
ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

7 Teswir

+2 ses
Awtor: (Magistr) | 03.04.2026 20:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1746)
Arzanladygy gowy welin, entegem internetimiz juda haýal. Daşary ýurtlardaky dostlarymyz bilen wideo jaň edip bilmän kösenýäris, haçan gowulaşarka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.04.2026 20:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2355)
Arzanlady diýilýänem bolsa, hili öňküsi ýaly pesligine galýar. Şol tizlige görä henizem gymmat düşýär, haçan gowulaşarka?
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 02.05.2026 06:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3847)
Arzanladylanam bolsa barybir tizligi gaty pes, oýun oýnap ýa-da wideo görüp bolanok. Şeýle hem bu wagtlaýyn aksiýa bolmasa, ýene öňküsi ýaly gymmat bolar diýip gorkýan.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 03.05.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3952)
merdan96 bu arzanlaşyk diňe wagtlaýynça öýdýärin, ýene bir aýdan öňki gymmat bahalaryna gaýdyp gelerler öýdýän. Internetiň tizligi bolsa entek hem kän garaşdyrýar, şu tizlikler bilen näme etmeli?
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 12.05.2026 07:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4726)
Bahalary birneme peseldipdirler welin, baran tizligi ýene şol öňküsi ýaly haýal bolmagy gaty geň galdyrýar. Göräýmeli, bu arzanlaşyk köp dowam eder öýtmän, ýene öňki bahalaryna gaýdyp gelmeseler ýagşy bolar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.06.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6737)
Arzanladan bolsalar-da, internetiň hili öňküsi ýaly gowy däl. Şol tizlige hem şonça pul tölemek entek gaty gymmat düşýär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.06.2026 20:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7303)
Arzanladylsa-da henizem hili pes, köp wagt işleýänem ýok. Daşary ýurtlardaky tizlikleri eşidip, öz internetimize gynanýan.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (257 oçko)
  2. merdan96 (221 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...