Serdar Berdimuhamedow DIM-niň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady

+2 ses
53
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:11 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#344)
Habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.    Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iş meýilnamasynyň taslamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», 2022 – 2028-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan, «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan», şeýle-de «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleriň esasynda işlenip düzüldi.    Resminama Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.    Şeýle-de iş meýilnamasynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatdaky işler hem beýan edilýär. Onda halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Şeýle hem    Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürjekdigini nygtady.    Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyryp, ählumumy derejede parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary ilerletmegiň we durmuşa geçirmegiň, şeýle hem şu ýyl üçin meýilleşdirilen halkara ähmiýetli hemme çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen iş meýilnamasyny makullap, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýurduň bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý edip, türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýyny has-da belende galdyrmak işine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

7 Teswir

+3 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 19:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#606)
Täze meýilnama üstünlikli bolsun. Daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň giňemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem oňyn täsir eder diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 07:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1130)
Bu ýyl halkara gatnaşyklarymyzyň ýene-de ösmegine garaşýarys. Diplomatiýa ugrymyza işlerinde üstünlik arzuw edýärin, ýurdumyzyň abraýy has-da belende göteriler diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.03.2026 20:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1178)
Bu ýyl halkara gatnaşyklarymyzyň has hem işjeňleşjekdigine ynanýaryn. Umuman bolmaýar. Daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetine oňyn täsir eder diýip tama edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 00:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1571)
Bu ýyl halkara gatnaşyklarymyz has hem işjeňleşer diýip umyt edýärin. Görüp otursak, öňümizde ýerine ýetirilmeli köp işler bar eken.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 06:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1977)
Bu ýyl halkara gatnaşyklarymyz has hem işjeňleşer öýdýärin. Görüp otursak, diplomatiýa ugrymyz üçin ýene-de köp işler garaşýan ekeni.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.04.2026 11:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2318)
Bu gaty gowy habar, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy ýene-de artar diýip umyt edýärin. Görüp otursak, bu ýyl hem diplomatik gatnaşyklar boýunça uly işler garaşýan ýaly.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 06:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2782)
Gyzgyn, bu habaryňyzy okap, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň has-da artjakdygyna ynamym uly. Görýänimçe, diplomatlarymyza bu ýyl hem uly işler garaşýar, üstünlik arzuw edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (512 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (316 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...