FIFA-nyň reýtingi täzelendi: Türkmenistan 136-njy orunda

+1 ses
101
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 07.02.2019 05:01 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#319)
Şu gün 7-nji fewralda FIFA-nyň milli ýygyndylar boýunça reýtingi täzelendi. Ýanwar aýynda Aziýanyň kubogyna gatnaşyp, üç duşuşykda hem ýeňlen Türkmenistanyň milli ýygyndysy 9 basgançak aşak gaçyp, 136-njy orna geldi.
Taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogyna mynasyp bolan Kataryň ýygyndysy 38 basgançak ýokary galdy we 55-nji orunda ýerleşdi. Ýaryşyň finalçysy Ýaponiýa bolsa geçen sanawdan 23 basgançak ýokary galyp, 27-nji orna geldi. Ozalky sanawlarda bolşy ýaly, ýene-de Eýranyň milli ýygyndysy Aziýa wekilçilik edýän ýygyndylaryň arasynda birinji orundadyr. Ýakynda baş tälimçi, portugaliýaly hünärmen Karluş Keýruşy wezipesinden boşadan goňşularymyz FIFA-nyň reýtinginde 22-nji orunda. Olar geçen sanawa görä, 7 basgançak ýokary çykdylar. Täze sanawda iň uly tapawut bilen aşak düşen ýygyndy hem Aziýa yklymyna degişli. Ozalky sanawa görä, 12 basgançak aşak düşen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň milli ýygyndysy Aziýa kubogyndan soňky şowsuz çykyşdan soň 121-nji orunda.
Sanawda öňdäki 20 orun ozalkysy ýaly galýar. Ilkinji 10-lugy bolsa Belgiýanyň, Fransiýanyň, Braziliýanyň, Horwatiýanyň, Angliýanyň, Portugaliýanyň, Urugwaýyň, Şweýsariýanyň, Ispaniýanyň we Daniýanyň ýygyndylary eýeleýär.

Fifa reyting tablisasy: https://www.fifa.com/fifa-world-ranking/ranking-table/men/

Çeşme: Türkmen Portal

6 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 08:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#752)
Yagday gaty gynandyryjy, yene-de 9 basgançak aşak düşüpdiris. Geljekki duşuşyklarda oýunymyzy gowulandyrarys diýip umyt edýärin.
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 19:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#798)
Ýagdaý gowy däl eken, hiç bolmanda öňümizdäki oýunlarda netije görkezip bilsek gowy bolardy. Futbolçylarymyza biraz ruhy goldaw gerek öýdýän.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 09:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#902)
Netije känbir begendirmedi welin, barha aşak düşýäris. Geljekki oýunlarda ýigitlerimize has köp üstünlik arzuw edýärin, belki düzelip gidermi.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 12:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1147)
Netije juda gynançly boldy, ýöne bizden has tejribeli ýygyndylar bilen oýnanymyz üçin garaşylan zatdy. Geljekki oýunlarda oňat netije görkezerler diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 01:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1384)
Gyzgyn, bu netijeler garaşylan zady. Bizde futboly ösdürmek üçin entek köp işlemeli, ýokary ligadaky oýunlaryň hilini nädip ýokarlandyryp bolar diýip pikir edýärsiň?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 09:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2793)
Yagday gaty gynandyryjy, yarym gije oyanyp seretsek-de netije bolanok. Indiki oýunlarda hiç bolmanda bir utuk gazansak gowy bolardy, geljegine umyt edeli.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (512 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (316 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...