Kazylary wezipä bellemek-boşatmak baradaky karar

0 ses
115
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 26.01.2019 11:01 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#315)
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, Rahman Joragulyýewiç Hojiýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Babajan Gurbangeldiýewiç Welmämedow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
Gülröwşen Hemraýewna Annaýewa Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Gurbanmyrat Meretgeldiýewiç Hudaýberdiýew Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;
Rozymyrat Durdyweliýewiç Hudaýberdiýew Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
Wepa Muhammetmyradowiç Meredow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellebildi we oňa 5-nji hünär derejesi berildi;
Şöhrat Dädebaýewiç Weljikow Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa 5-nji hünär derejesini berildi;
Azamat Beşimowiç Çaryýew Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa 5-nji hünär derejesini berildi;
Jumageldi Baýramow ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Jumamyrat Kakageldiýewiç Nazarow ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Durdymuhammet Taňyrberdyýewiç Akjaýew ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
Rejepdurdy Çaryýewiç Hudaýberenow ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Sülgün Amanowna Annadurdyýewa ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.

5 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 11:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#479)
Kazyýet ulgamynda kadrlar çalşygy hemişe bolup durýan zat. Täze bellenenleriň işleri rowaç bolsun, jogapkärli işler.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 20:46 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#939)
Kazyýet ulgamynda yzygiderli üýtgeşiklikler bolup durýar, göräýmäge işleriň öňe gitmegi üçin täze güýçler gerek bolýandyr. Täze bellenen kazylara işlerinde üstünlik arzuw edýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 01:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1386)
Kazyýet ulgamynda yzygiderli üýtgeşmeler bolup durýar, işleýänlere täze wezipelerinde üstünlik arzuw edýärin. Göräýmäge köp adam täzelenen ýaly, görýän zatlaryňyz näme?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 10.04.2026 16:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2336)
Kadr çalşyklary yzygiderli bolup durýar, işleri düşümli bolsun. Görüp otursak, köp adam çalşypdyr, täze wezipelere bellenenlere üstünlik arzuw edýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 11.04.2026 01:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2374)
Kadrlar çalşygy hemişe bolup durýan zat. Täze bellenen kazylara işlerinde üstünlik arzuw edýärin, işleri dogruçyl ýöretmeklerini dileýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (530 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...