Halaç etrabynda agyz suwunyň uly mukdary tapyldy

+2 ses
69
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2019 11:25 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#308)
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde wise-premýer Myratgeldi Meredow döwlet Baştutanyna «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleri, şol sanda ýerasty süýji suwlary gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäklerinde ýüze çykarylan hem-de 2018-nji ýylyň ahyrynda «Halaç-II» ýerasty suw ýatagy hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagy barada habar berildi. Umumy meýdany 58,7 inedördül kilometre deň bolan bu ýatagyň suw bilen üpjün etmek mümkinçiligi bir gije-gündizde 30 müň kub metrden gowraga ýa-da bir sekuntda 348 litre deňdir. Ol ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sebitlerde täze agyz suwy ýataklaryň hem-de mineral çeşmeleriň ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmäge, şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça wezipeleriň çözülmegine ýardam etmelidigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany wideoaragatnaşyk arkaly oba we suw hojalyk ministri Annageldi Ýazmyradowa «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen bilelikde suw serişdelerini rejeli ulanmak, ýurdumyzyň ilatynyň agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ulgamynda işleri işjeňleşdirmegi, ýerasty ýataklaryň hem-de suw çeşmeleriniň ýagdaýyny ylmy taýdan yzygiderli öwrenmegi, şolaryň gorlaryny anyklamagy, tebigaty goramak bilen bagly çäreleri toplumlaýyn geçirmegi hem-de ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy tabşyrdy.

ÇEŞME: Türkmen Portal

6 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 26.03.2026 14:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1005)
Bu örän gowy habar, Halaç taraplarda suw ýetmezçiligi barada köp eşidýärdik. Umytdik. Umuman. Şu ýataklaryň tizräk ulanylmaga berilmegine garaşylýan netijäni berer diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 01.04.2026 18:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1546)
Bu gaty gowy habar, Halaç taraplarda suw ýetmezçiligi barada köp eşidýärdik. Ýerasty suwlaryň köpelmegi ilatyň ýaşaýyş durmuşyny ep-esli ýeňilleşdirer öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 03:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1677)
Bu gaty gowy habar eken, Halaçlylar üçin uly düşüm bolupdyr. Umyt edýärin, tiz wagtda ähli oba ýerlerinde arassa suw meselesi doly çözüler.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 17:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2620)
Bu gaty gowy habar, ýöne şol suwyň ilata elýeterli bolmagy üçin turbalaryň çekilmegine hem uly üns bererler öýdýärin. Halaçly doganlarymyzyň suw kynçylygy çözülen bolsa örän gowy bolupdyr.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 18:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2623)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar eken, Halaçdaky dogan-garyndaşlarymyz üçin örän begendim. Göräýeli, bu suwy tizräk ilata ýetirip başlarlar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 15.04.2026 04:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2670)
Halaç taraplaryna suw gerek bolup durdy, gowy habar eken. Bu işler çaltrak durmuşa geçirilse, ilat üçin uly ýeňillik bolar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (584 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (349 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...