AFK-nyň resmi saýtynda Arslamyrat Amanow bilen söhbetdeşlik

+3 ses
68
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 13.01.2019 09:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#305)
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda (www.the-afc.com) Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany, ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow bilen söhbetdeşlik berildi. Söhbetdeşlik: «Çarşenbe gününde Ýaponiýanyň ýygyndysyndan 2:3 hasabyndaky utuşa garamazdan, türkmenistanly ýarym goraçy Arslamyrat Amanow «F» toparçada Özbegistan bilen geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda maksada okgunly, ruhubelent görünýär» diýen sözlem bilen başlanýar.

Aziýanyň dört gezek çempiony bilen bolan duşuşygyň özleri üçin ýeňil bolmadyk synaga öwrülendigini aýdan ýarym goragçynyň duşuşygyň birinji ýarymynda uzak aralykdan ýyldyrym tizliginde geçiren pökgüsi Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bu duşuşykda ilkinji bolup hasaby açmagyna getirdi.

― Ýeňlendigimize garamazdan, öňümizde ýene iki oýun bar, diýmek, indiki tapgyra çykmak mümkinçiligimiz hem bar. Tälimçimiziň görkezmelerini berk berjaý edip, Özbegistan bilen boljak duşuşykda juda hüşgär oýnamaly.

Elbetde, Ýaponiýa güýçli ýygyndy. Oýnuň ýeňil düşmejekdigini öňden hem bilýärdik. Muňa garamazdan, oglanlarymyzyň elinden gelen yhlasy gaýgyrmandygyny her kim hem görendir. Ýöne bu ― yklym çempionaty. Ýeňil duşuşyk ýok. Özbegistana garşy duşuşyk hem juda jogapkärli. Elbetde, biz ýeňiş gazanmak isleýäris.

Duşuşyk ― şu çempionatdaky ilkinji, belki-de ýeke-täk Merkezi Aziýa derbisi. Özümizi we janköýerlerimizi kanagatlandyrjak netije almak üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys. Ýaponiýanyň ýygyndysyna garşy orta goýan sazlaşykly oýnumyz we yhlasymyz bize bu duşuşykda hem ýar bolar diýip umyt edýäris ― diýip, tejribeli ýarym goragçy saýtyň habarçysynyň sowallaryna jogap berdi.

Arslanmyrat Amanow duşuşykda hemmeleri haýran eden urgusy baradaky sowala şeýle jogap berdi:

― Beýle urgularyň birnäçesini ozal hem ençeme ýola dürs başarypdym. Ýene başarjakdygyma ynanýardym. Bu duşuşykda bolsa, pökgi şol ýere getirenimde öňümde hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyny gördüm we bagtymy synadym. Görşüňiz ýaly, netijesini hem berdi.

ÇEŞME: Türkmen Portal

9 Teswir

+3 ses
Awtor: (Talyp) | 19.03.2026 15:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#401)
Arslamyň ýaponiýalylara salan pökgüsi hakykatdan hem ajaýypdy, göreniňde gözüň dokunýar. Özbegistana garşy oýunda hem şeýle şowly çykyş etmegine garaşýarys, ýigitlere uly üstünlik!
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 26.03.2026 00:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#950)
Arslamyrat hakykatdanam örän zehinli oýunçy, şol uran pökgüsi bolsa gözüňi dokundyrýar. Gyzgyn, indiki Özbegistan bilen boljak duşuşykda hem şeýle şowlulyk garaşýandyrys öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 15:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1254)
Arslanyň Ýaponiýanyň derwezesine uran pökgüsi hakykatdan hem ajaýypdy. Özbegistan bilen oýunda hem şeýle şowlulyk garaşýarys, ýigitlerimize üstünlik arzuw edýärin!
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 08:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1322)
Arslamyň Ýaponiýa uran pökgüsi hakykatdan hem ajaýypdy, telewizordan görüp oturkam hemmämiz begendik. Özbegistana garşy oýunda hem şeýle şowlulyk ýaran bolar diýip umyt edýärin, ýigitlerimize üstünlik!
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 13:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1340)
Arslanyň uran pökgüsi hakykatdan hem ajaýyp boldy. Özbegistan bilen boljak oýunda hem şeýle ruh bilen çykyş edip, ýeňiş gazanmagyny dileýärin!
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1621)
Arslanyň uran goluny göreniňizde göwnümiz galkyndy, hakykatdan hem ajaýyp urgudy. Özbegistan bilen boljak oýunda hem şeýle şowly çykyş etmegine garaşýarys, ýigitlerimize üstünlikler!
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 02:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2115)
Gyzgyn, Arslanyň Ýaponiýa uran goly hakykatdan hem ajaýypdy, telewizordan görüp hezil etdik. Özbegistana garşy oýunda hem şeýle şowlulyk ýar bolmagyny isleýärin, ýeňiş gazanarys öýdýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 05:19 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2126)
Arslanyň uran pökgüsi hakykatdan hem ajaýypdy, telewizordan seredip gözüme ynanmadym. Özbegistan bilen oýunda hem şeýle ruh bilen çyksalar, hökman ýeňiş gazanarys.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2485)
Arslanyň uran pökgüsi hakykatdan hem owadan boldy, Ýaponiýanyň derwezesine şeýle urgyny geçirmek aňsat däl. Özbegistan bilen boljak oýunda hem şol ruhubelentligi saklap, ýeňiş gazanmagyny dileg edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (512 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (316 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...