Dostlar, düýn IT bazarymyzda peýda bolan Elkitap hyzmaty barada eşitdiňizmi? Menem dessine göz aýladym, hakykatdan hem köpden bäri garaşan zadymyz eken, indi ýolda ýa-da işe barýarkaň audiokitap diňlemek ýa-da elektron görnüşde kitap okamak gaty amatly bolar. Men entek ähli funksiýalaryny barlap ýetişmedim welin, ilkinji täsirim gaty gowy boldy. Sizem bu goşundyny ulanyp gördüňizmi, haýsy kitaplary okamagy ýa-da diňlemegi maslahat berersiňiz?