Birinji liganyň çempiýony "Köpetdag II"

+2 ses
81
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 26.11.2018 05:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#224)
Ýokary liganyň jemleýji tapgyryndan bir gün öň Birinji liganyň çempiony hem kesgitlenildi. Ýaryş Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” futbol toparynyň ikinji düzüminiň çempionlygy bilen tamamlandy.

Ýurdumyzda Birinji liganyň ýaryşlary zolaklaýyn görnüşde geçirilýär. Zolak ýaryşlarynyň çempionlary bolsa her ýyl möwsümiň ahyrynda geçirilýän jemleýji ýaryşa gatnaşýarlar. Aýlaw görnüşinde geçirilýän şol ýaryşyň netijesinde-de Birinji liganyň çempiony kesgitlenilýär.

Şu ýyl aýgytly ýaryşa Ahal welaýatyndan “Ýedigen”, Balkan welaýatyndan “Türkmennebit”, Daşoguz welaýatyndan “Görogly”, Jeýhun ýakasyndan “Bagtyýarlyk”, Mary welaýatyndan “Energetik II”, paýtagtymyzdan bolsa “Köpetdag II” toparlary gatnaşdy. Geçirilen bäş tapgyryň duşuşyklarynyň birinde-de ýeňilmedik Içeri işler ministrliginiň topary şol duşuşyklarda mümkin bolan 15 utugyň ählisini toplady. Bäş duşuşykda garşydaş derwezelere 19 pökgi geçiren toparyň futbolçylary öz derwezesinde 8 pökgi gördüler.

Lebapdan gelen futbolçylar ýaryşy ikinji orunda tamamladylar. Welaýatyň çempiony bolan “Bagtyýarlyk” futbol topary aýgytlaýjy ýaryşda diňe çempiondan utuldy, beýleki garşydaşlarynyň ählisinden rüstem geldi. Şeýlelikde, topar ýaryşy 12 utuk bilen tamamlady.

Iň soňky tapgyrda “Ýedigenden” 2:3 hasabynda üstün çykan “Türkmennebit” Birinji liganyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Bäş duşuşykda 4 utuk toplap bilen daşoguzly futbolçylar dördünji orny eýelän bolsa, bäşinji we altynjy basgançaklardaky “Ýedigen” bilen “Energetik II” ýaryşy 3 utuk bilen tamamlady.

Birinji liga ýurdumyzyň sebitlerinde futboly ösdürmekde ähmiýetlidir. Bu ýaryş zehinli ýaş futbolçylaryň ýüze çykarylmagyna we olaryň Ýokary ligada çykyş edýän toparlaryň düzümine çagyrylmagyna mümkinçilik berýär.

“Köpetdag II-den” Ýazgylyç Gurbanow bu gezekki ýaryşyň iň ökde futbolçysy boldy. “Bagtyýarlygyň” 16 ýaşly futbolçysy Meýlis Durdyýew bolsa ýaryşda iň köp tapawutlanan futbolçy bolmagy başardy.

7 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 01:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#436)
Köpetdagyň ýaşlary hakykatdan hem gowy oýnadylar, geljekde olary Ýokary ligada görüp bilsek gowy bolardy. Bagtyýarlygyň 16 ýaşly oýunçysy barada näme bilýärsiňiz, geljegi parlakmyka?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 05:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#549)
Gyzgyn, maglumatyň üçin sag bol. Köpetdagyň ýaşlary hakykatdan hem gaty güýçli oýnadylar, indiki möwsümde Ýokary ligada nämeler edip biljekdikleri gyzykly bolýar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#563)
Köpetdag II-ni çempionlygy bilen gutlaýaryn, hakykatdanam täsirli netije görkezdiler. Ýaş futbolçylarymyzyň arasynda şeýle zehinleriň köpelmegi geljegimiz üçin örän gowy ýagdaý.
+4 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 19:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#935)
Gyzgyn, maglumatyň üçin sag bol! Köpetdag II-niň oglanlaryna indiki möwsümde Ýokary ligada üstünlik arzuw edýärin, hakykatdanam gowy oýnadylar.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 30.03.2026 23:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1379)
Gyzgyn, Köpetdag II toparyna bar bolan zehinler üçin gutlaglar. Ýaş futbolçylarymyzyň ösüşini görmek hemişe guwandyrýar, indiki möwsümde olar Ýokary ligada nämä ukyply bolarkalar?
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 31.03.2026 22:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1470)
Gyzgyn, maglumatyň üçin sag bol! Köpetdagyň ikinji düzüminiň şeýle netije görkezmegi garaşylmadyk boldy, ýaşlar hakykatdanam zehinli eken.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 04:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1777)
Gyzgyn, bu habaryň üçin köp sag bol! Köpetdag II-niň oglanlary hakykatdan hem zehinli eken, geljekde olary Ýokary ligada görmek has gyzykly bolar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (512 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (316 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...