Wladimir Wladimirowiç Putin

+3 ses
76
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Biýografiýa | 14.11.2018 12:01 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#214)
Wladimir Wladimirowiç Putin (Rusça doly ady: Влади́мир Влади́мирович Пу́тин) Russiÿa Federasiÿasynyñ şu wagtky Prezidentidir. Putin 7-nji Oktÿabr 1952-de Sowÿet Soÿuzynyñ Leningrad şäherinde Dünÿa gelÿär. Ol 1999-2000 we 2008-2012 ÿyllary arasynda RF-nyñ Premÿer Ministri bolandyr. 2000-2008(1-nji gezek Prezidentlik döwri) we 2015-nji ÿylyñ 7-nji maÿ aÿynda bolsa 2-nji gezek Prezident wezipesine saÿlanandyr. Bulardan daşary Putin, Birleşen Russiÿa Partiÿasynyñ başlygy wezipesinde hem işländir.

Syÿasy Durmuşy:
Boris Ÿelsiniñ Birleşen Russiÿa Partiÿasyna goşulmazyndan öñ Putin 16 ÿyl boyunça KGB-de Uly Leÿtenant wezipesinde işländir. 1991-nji ÿylda öz dogulan ÿeri Sankt-Peteburgda syÿasata başlaÿan Putin, 1996-da Moskwada göçüp barÿar we Ÿelsiniñ partiÿasynda tiz wagtda ÿokary wezipelere gelmegi başarÿar. 1999-njy ÿylda Ÿelsiniñ garaşylmadyk ÿagdaÿda syÿasatdan aÿrylmagy netijesinde Putin, geçiji hökümetde "wagtlaÿynça doladyryjy prezident" wezipesine başlaÿar. 2000-nji ÿyldaky prezident saÿlawlarynda Putin Russiÿa Federsiÿaynyñ prezidenti wezipesine saÿlanÿar. 2004-nji ÿyldaky prezident saÿlawlarynda Putin Russiÿa Federsiÿaynyñ prezidenti wezipesine 2-nji gezek saÿlanÿar. 2008-nji ÿylda Russiÿa Federasiÿasynyñ Konstitusiÿasynyñ 2 gezek prezident saÿlanma kodeksine laÿyklykda täzeden prezident saÿlawlaryna gatnaşmaÿar we Przidentligi öz partiÿasy Birleşen Russiÿadan Dmitri Medwedew gazanÿandyr. Putin 2008-2012 ÿyllary arasynda RF-niñ premiÿer ministri bolÿar we 2011-nji ÿylda "2 gezek prezident saÿlanma" kodeksini Konstitusiÿadan aÿyrÿar we 2012-nji ÿylda 3-nji gezek Birleşen Russiÿa Partiÿasyndan prezidentlige saÿlanÿar.

Putin döwüründe Russiÿa ekonomiÿasy:
1999-2008-nji ÿyllar arasynda RF-niñ ekonomiÿasy 2,5 esse ulalÿar, işgärleriñ aÿlyklary 3 esse artÿar, işsizlik we garyplyk bu döwürden öñki wagt bilen garşylaşdyrdygymyzda 2 esse azalÿar. 2014-15 ÿyllaryndaky Krym RF-ÿe baglama we Dünÿa Nebit krizisini göz öñünde tutmasak, Purtin wagtynda RF-niñ kişi başyna düşÿän girdejisi 72% artandyr. Elbetde bulardan daşaryda RF-niñ tebigy baÿlyklary we Soÿuz wagtyndan galan söweş tehnologiÿalaryny dogry wagtda we dogry ÿerde ulanmagy başaran Putin, RF-yi 15 ÿylyñ içinde täzeden bütin Dünÿade syÿasy taÿdan sözi geçÿan sanaglyja döwletleriñ hataryna getirendir.

5 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2046)
Sag bol gyzgyn, bu maglumatlar üçin. Putin hakykatdanam öz ýurdunyň täsirini güýçlendirmekde örän täsirli syýasaty ýöredýär, ýöne siz onuň indiki saýlawlardaky mümkinçiligini nähili görýärsiňiz?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 10.04.2026 15:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2332)
Sag bol gyzgyn, bu maglumatlar üçin minnetdar. Hakykatdanam Putin öz syýasaty bilen dünýäniň ünsüni çekmegi başarýan liderleriň biri, ýöne siz onuň geljekdäki syýasy ädimleri barada näme pikirdäňiz?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 14:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2806)
Maglumatlaryňyz üçin köp sag boluň, dogrusy Putiniň syýasy ýoly barada köp zat öwrendim. Sizçe häzirki dünýä syýasatynda Russiýanyň tutýan orny nämelere bagly?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 14:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2808)
Maglumatyñyz üçin sag boluň, dogrusy Putiniň syýasata gelen döwründäki Russiýanyň ykdysady ösüşi hakykatdanam täsin. Sizçe geljekde Russiýanyň syýasaty nähili ösüş ýoluna düşer, ýene üýtgeşiklik barmy?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 18:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2822)
Maglumatlaryň üçin köp sag bol, Putin hakykatdanam öz ýurdunyň syýasy durmuşyna uly täsir eden şahsyýet. Sençe ol häzirki döwürde Russiýanyň ykdysadyýetini ozalkysy ýaly öňe alyp gidip bilermi?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (522 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...