Türkmen futbolynda ilk - Altyn Asyr AFK kubogynyň finalynda

+2 ses
89
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 05.10.2018 13:10 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#203)
Paýtgatymyzyň “Altyn Asyr” topary türkmen futbolunyň taryhyndaky iň wajyp ýeňişleriň birini gazandy. Hawa, 3-nji oktýabrda paýtagtymyzda AFK-nyň interzolagynyň finalynyň jogap oýnunda Demirgazyk Koreýanyň “Aprel 25” topary  bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan paýtagtymyzyň topary türkmen futbolunyň taryhyndaky täze sahypany açdy. Toparymyz myhmançylykda geçiren gollarynyň sany boýunça AFK-nyň Kubogynyň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy.

Türkmen toparlarynyň arasynda ilkinji bolup adyny AFK-nyň Kubogynyň finalyna ýazdyran “Altyn Asyr” Phenýanda geçen birinji duşuşykda (2:2) hem netijeli oýun görkezipdi. Gündogar Aziýa sebitiniň ýeňijisi bolan “Aprel 25”-iň toparymyz bilen geçiren duşuşygynyň öňüsyrasyndaky duşuşyklarynyň 8-sini hem ýeňiş bilen tamamlandygy, soňky ýarym finalda Singapuryň “Home Ýunaýted” toparyny iki duşuşykda 11:1 hasabynda ýeňmegi onuň mümkinçiliginiň näderejede ýokarydygyny görkezýär. Ýöne futbol boýunça milli ýygyndymyzyň esasyny düzýän paýtagtymyzyň topary iki duşuşygyň netijesi boýunça ynamly ýeňiş gazanmagy başardy.

Duşuşygyň birinji ýarymynyň 7-nji minutynda Han Song Hyokyň netijeli urgusy “Aprel 25”-i kanagatlandyrýan hasabyň tabloda ýazylmagyna getirdi. Şondan soň hüjümlerini artdyran myhmanlar ikinji ýarymda 11 metrlik jerime urgusyny urmaga mümkinçilik aldylar, ýöne derwezeçimiz Mämmet Orazmuhammedow sowukganlylygy elden bermedi. Oýnuň 64-nji minutynda “Altyn Asyryň” hüjümçisi Wahyt Orazsähedow eminiň bellän 11 metrlik urgusyny dürs ýerine ýetirmegi başardy. Şondan soňky edilen hüjümler netije bermedi.

Şeýlelikde, iki duşuşygyň netijesinde taryhy ýeňşi gazanan “Altyn Asyryň” AFK-nyň Kubogynyň finaldaky garşydaşy bu bäsleşigiň soňky ikisinde ýeňiji bolan Yragyň “Al-Kuwa” topary bolar. Final duşuşygynyň wagty hem-de geçiriljek ýeri az soňra mälim ediler.

AFK-nyň interzolagynyň finalynyň hasabaty:

“Altyn Asyr” (Türkmenistan) – “Aprel 25” (Demirgazyk Koreýa) – 1:1

Gollar: Wahyt Orazsähedow 64 (11 m.j.u.) (“Altyn Asyr”) – Han Song Hyok 7 (“Aprel 25”)

Duýduryşlar: Resul Hojaýew 21, Wahyt Orazsähedow 90+2 (“Altyn Asyr”) – Kim Yu Song 31, Kim Chol Bom 80 (“Aprel 25)

Tomaşaçy sany: 11750

10 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 23:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#527)
Gyzgyn, bu hakykatdanam taryhy pursat boldy, stadionyň agşamky atmosferasy örän gyzyklydy. Göräýseň, finalda hem ýigitlerimiz şeýle gaýduwsyz oýnar öýdýärin, siziňçe finalda kim tapawutlanar?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 16:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#785)
Oýny stadiona gidip görendim, ýeňiş gaty täsirli boldy! Mämmet Orazmuhammedowyň ol penaltini yzyna gaýtaryşy hakyky gahrymançylykdy, finalda hem şeýle şowlulyk garaşýarys.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 07:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#891)
Gyzgyn, bu taryhy pursady stadiona baryp görenler üçin örän bagtly gün boldy. Indi finalda hem şol ruhybelentlik bilen oýnap, kubogy gazanmaklaryny arzuw edýärin!
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 27.03.2026 19:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1097)
Gyzgyn, bu hakykatdanam taryhy waka boldy, şol gün stadionyň atmosfera örän gyzgynlydy. Indi finalda hem şol ruh bilen çykyş edip, kubogy alyp gelmeklerini arzuw edýärin!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 20:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1179)
Azat Şamyradow hem-de Mämmet Orazmuhammedow bu oýunda hakykatdanam özlerini görkezdiler. Finalda hem şeýle ruh bilen oýnasalar, kubogy alyp biljek ýaly. Altyn Asyra üstünlik arzuw edýärin!
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 03:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1208)
Gyzgyn, bu hakykatdan hem taryhy waka boldy, şol gün stadiona barmak miýesser etdi, şol pursatdaky tolguny ýatlamak nähili ýakymly. Al-Kuwa garşy hem şeýle şowlulyk garaşýandyrys öýdýän, oglanlara uly üstünlik!
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 06:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1315)
Ine bu hakykatdanam taryhy pursat boldy, stadionyň agşamky atmosferasy gaty täsirli ötdi. Finalda hem şeýle gaýduwsyz oýun görkezip, kubogy alsak armanym ýok.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 21:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1557)
Uly taryhy wakanyň şaýady bolduk, oglanlara bar bolan sag bolsun aýdýaryn! Finalda hem şol bir russiýa bilen şowly oýnasalar gowy bolardy, ýeňiş bizden sowa geçmesin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1717)
Uly üstünlik boldy, hakyky buýsanç! Finalda Al-Kuwa garşy hem şeýle şowly oýun garaşýarys, ýigitlerimize üstünlik arzuw edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 16.04.2026 20:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2742)
Şol gün stadionyň özünde şeýle bir tolgunypdyk welin, söz bilen düşündirip bolanok. Altyn Asyr finalda hem şeýle ynamly oýnar diýip umyt edýärin, ýigitlere uly üstünlikler!

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (512 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (316 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...