Ilkinji ralliçiler gadymy Amulda

+2 ses
91
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 08.09.2018 09:11 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#187)
“Amul ― Hazar 2018” halkara awtorallisiniň başlanmagyna indi sanlyja sagatlar galdy. Öňümizdäki hepde türkmen topragynda geçiriljek halkara awtoralli ýaryşynyň şanly wakalary bilen taryha girer. Ýaryşyň badalga beriljek şäheri ― Türkmenabat düýn ilkinji daşary ýurtly myhmanlaryny kabul edip başlady.
Ozal hem habar berlişi ýaly, halkara awtoralla 11-nji sentýabrda hut şu şäherden badalga berler. Gündogar sebitiň merkezi şäherine gelen ilkinji myhmanlaryň arasynda Gazagystanyň “MobilEx racing team” toparynyň wekilleri hem bar.
Halkara ralli ýaryşlaryna ozal hem birnäçe ýola gatnaşan topar Garagum sährasyna “Toyota” kysymly sport ulaglary bilen çykar. Toparyň düzüminde Gazagystanyň awtomobil sporty federasiýasynyň ýolbaşçysy Marat Akbarow, belli ralliçi Kanat Şagirow, onuň ogly Ýerdan Şagirow hem-de Kirill Çernikow ýaly ralli dünýäsiniň görnükli wekilleri bar.
Düýn “MobilEx racing team” toparynyň wekilleri sport ulaglarynda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat ― Farap awtomobil köprüsine, şäheriň gözel ýerlerine we “Ak ýol” binasynyň töweregine gezelenç etdiler. Gazagystanyň Aktau şäherinden gelen toparyň agzalary Türkmenistanda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşmaga örän şatdygyny aýdyp, “Amul ― Hazar 2018-iň” özleri üçin täze, özi hem täsirli başdangeçirmeleri bagyşlajakdygyna ynam bildirdiler.
Topar halkara ýaryşa sport ulaglarynyň dördüsi bilen gatnaşar. “Olaryň ählisi hem Türkmenistana getirilmeziniň öňüsyrasynda çöl ― sähra şertlerinde geçiriljek ýaryşa laýyk derejede abatlanyldy. Käbir enjamlar bolsa goşmaça oturdyldy” diýip, toparyň metbugat wekili gürrüň berýär. Ýeri gelende aýtsak, “MobilEx racing team” diňe ýaryşa gatnaşmak bilen çäklenmän, bu ýaryşyň iň gyzykly pursatlaryny gazak telewideniýesinde şöhlelenmegini hem üpjün eder. Toparyň wekilleriniň aýdyşy ýaly, Gazagystanda ralli ýaryşlarynyň muşdagy juda kän. Olar Türkmenistanda geçiriljek ýaryşyň netijelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Ýeri gelende aýtsak, “Amul ― Hazar 2018” halkara awtorallisine meşhur gazak toparyndan başga-da, X-Raid Mini, PH Sport, SRT Racing, RT Off Road Racing, Off Road Kazakhstan, Jazz Tech Off Road, Kamaz Master, Maz Sport Auto, Gaz Raid Sport ýaly dünýä belli toparlar gatnaşýarlar. Umuman, ýaryşa gatnaşjak 23 halkyň wekilleriniň arasynda Fransiýa, Italiýa, Russiýa, Çehiýa, Çili ýaly ralli ýaryşlaryna uly üns berýän döwletleriň wekilleri hem bolar.
“Amul ― Hazar 2018” halkara awtorallisiniň myhmanlary Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň myhmanhanasynda ýerleşdirilýär. Lebap welaýat köpugurly bazarynyň giň awtoulag duralgasy bolsa ýaryşa gatnaşjak ulaglar üçin duralga we abatlaýyş merkezi bolup hyzmat edýär. Ýaryşa gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň agramly böleginiň Türkmenabada şu gün gelmegine garaşylýar.

ÇEŞME: turkmen portal

12 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 05:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#742)
Taryhy wakanyň şaýady bolmak örän gyzykly bolar. Görsem diýip garaşýan, ýollary açyk bolsun!
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 26.03.2026 11:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#993)
Hakykatdanam taryhy waka boljak, Türkmenabatlylar üçin uly baýramçylyk. Göräýmeli, göräýmeli ýaryş boljagyna ynanýaryn, ýeňiş ähli gatnaşyjylara ýar bolsun.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1229)
Wagt az galypdyr, hakykatdan hem uly waka garaşýarys. Şu ýaryşyň badalga aljak pursadyny öz gözüm bilen görmegi örän isleýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.03.2026 11:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1334)
Wagt az galypdyr, Türkmenabatda şeýle iri ýaryşyň geçmegi uly buýsanç. Gazagystanly türgenlere hem üstünlik arzuw edýärin, ýollaryňyz şowly bolsun!
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1432)
Taryhy ýolumyzyň şeýle iri ýaryş bilen dünýä tanalmagy gaty buýsançly. Göräýmeli, ýaryşyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 17:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1639)
Durdy, habaryň üçin köp sag bol! Şeýle uly ýaryşyň biziň ýurdumyzda geçirilýändigi örän guwandyryjy, Türkmenabada gidip görsek boljak eken.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 05.04.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1867)
Wagt az galypdyr, hakykatdan hem uly wakalara garaşylýar. Türkmenabadyň ýollarynda şeýle köp meşhur toparlary görmek gaty gyzykly bolar, ýaryşyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2079)
Şu ýylky ýaryş hakykatdan hem taryhy waka bolar öýdýän, Türkmenabatlylar üçin uly şatlyk. Göräýmeli, dünýäniň ähli künjeginden gelýän şeýle ussat sürüjileri öz gözümiz bilen görmek nähili görmek örän gyzykly bolar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 10.04.2026 15:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2334)
Bu ýaryş Türkmenabatymyz üçin uly abraý. Şeýle ägirtleri öz gözümiz bilen görmek örän gyzykly boljak, hemme ýaryşyjylara üstünlik arzuw edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 11.04.2026 07:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2397)
Wagt az galypdyr, örän tolgunjyly pursatlar başlanýar. Türkmenabatlylar üçin şeýle uly ýaryşyň öz şäherinden badalga almagy uly buýsanç bolsa gerek.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...