Kaspi Konwensiýasyna gol çekildi, Transhazar çözülmedi

+4 ses
73
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 16.08.2018 06:43 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#180)
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Orsýetiň, Azerbaýjanyň we Eýranyň prezidentleri 12-nji awgustda Gazagystanda Kaspi deňziniň hukuk durumy baradaky konwesnsiýa gol çekdiler.
Kaspiniň hukuk durumy Sowet Soýuzy dargaly bäri kesgitlenilmän gelýärdi. Netijede, bu mesele bir tarapdan SSSR bilen Eýranyň arasyndaky könelen ylalaşyk, ikinji tarapdan bolsa ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda çözülip gelindi.  Kaspi deňziniň kanuny durumyny kesgitlemkde, başga zatlaryň arasynda, onuň resmi taýdan deňizmi ýa-da köl hasaplanmalydygy, onuň araçäk belgileriniň dürli halkara kanunlary esasynda çekilmegi baradaky mesele hem kynçylyk döretdi.
Orsýetiň hökümeti tarapyndan bölekleýin çap edilen konwensiýada her ýurduň territorial suwlarynyň öz kenarlaryndan ölçelende 15 deňiz mili aralygynda kesgitlenýändigi aýdylýar. Olaryň daşarky araçäkleri döwlet serhetleri hasaplanýar. Mundanam başga, her bir ýurduň öz territorial suwlarynyň gapdalynda 10 deňiz mili aralygynda balykçylyk zolagy bar diýip kesgitlenýär. Ol ýurt şol ýerde biologiki serişdeleri awlamaga doly hukukly bolýar.
Deňziň düýbüniň we baýlyklarynyň nähili bölünýändigi doly anyklaşdyrylmadyk. Konwensiýa laýyklykda, bu sektoryň bölünişigi “halkara hukugynyň umumy kabul edilen ýörelgeleri we kadalary arkaly, olaryň tebigy baýlyklary we beýleki kanuna laýyk hojalyk-ykdysady işlerine özygtyýarlylyk hukuklaryna eýe bolmaklary üçin, garşylykdaky kenarda ýerleşýän döwletler bilen gepleşikler we ylalaşyklar esasynda amala aşyrylýar”.
Eger döwlet deňziň düýbünden geçiriji gurmakçy bolsa, bu meselede ol geçirijiniň geçjek ugrundaky ýurtlar bilen ylalaşmaly.
Ýurtlar öz territorial suwlaryndaky gämi hereketlerini düzgünleşdirýärler. Şu serhetleriň çäginden daşarda gämiler erkin hereket edip bilýär. Şeýle-de konwensiýa Kaspide bu sebite degişli bolmadyk daşary döwletiň harby güýçleriniň gämisiniň bolmagyny gadagan edýär.
Ýöne, konwensiýada jedelli ýangyç ýataklary meselesine degilmeýär. Türkmenistan we Azerbaýjan birnäçe nebit ýatagyny bölüşip bilmän gelýär, olaryň iň ulusy “Serdar/Kýapaz” bolup durýar. Mundanam başga, Türkmenistan we Azerbaýjan, transhazar geçirijisiniň gurulmagy bilen gyzyklanyp, ozal munuň üçin geçirijiniň geçiriljek territoriýasyndaky ýurtlaryň razylygynyň ýeterlik bolmalydygyny aýtdylar. Emma, kabul edilen konwensiýada geçiriji gurmak baradaky proýekt hazarýaka döwletleriniň ählisi, ýagny bäşisi tarapyndan hem oňlanmaly edilipdir.

9 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 19.03.2026 23:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#430)
Bu mesele entek ep-esli wagt çekjige meňzeýär, sebäbi bäş döwletiň ylalaşmagy hemişe aňsat däl. Göräýeli, geljekde energetika ugry boýunça nähili öňegidişlikler bolar.
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 13:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#678)
Bu mesele henizem doly çözülmän galýanlygy gaty gynandyryjy, sebäbi biziň ykdysady ösüşimiz köp babatda şol turbalara bagly. Göräýmeli, bu ýagdaý entek köp wagt çekjine meňzeýär.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 18:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#696)
Bu mesele ýene-de uzaklara çekjek ýaly, bäş döwletiň ylalaşmagy aňsat däl. Serdar ýatagy boýunça haçan bir netije bolar öýdýärsiňiz?
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 15:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#780)
DrWaltBishop, dogry belleýärsiň, esasy meseleler ýene çözülmän galdy öýdýän. Bu turbalaryň çekilmegi entek köp uzaga çekjige meňzeýär, näme diýýärsiň?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 00:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#814)
DrWaltBishop, dogry belläp geçipsiň, bu konwensiýa bilen köp zat entek üýtgeýän däle meňze meňzeýär. Bizem köpden bäri şol transhazar geçirijisiniň gurluşygyna garaşyp ýörüs, emma hemişe bir bökdençlik çykýar-da.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 27.03.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1046)
DrWaltBishop, dogry belläpsiň, esasy meseleler ýene çözülmän galdy. Göräýmäge, bu geçiriji meselesi ýene uzak wagtlap çekişiler öýdýärin.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 27.03.2026 14:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1078)
Şu mesele köpden bäri çözülmän gelýärdi, indi bir zatlar belli bolar öýdýärdim welin, ýene-de öňküsi ýaly çylşyrymly bolup galan ýaly. Görä. Göräýeli, geljekde bu ýataklar we geçirijiler barada anyk bir ylalaşyga gelerlermikä?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 04:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1212)
DrWaltBishop, bu hemmämiz üçin garaşylan netije boldy welin, entek çözülmeli meseleler az däl öýdýän. Serdar ýatagy boýunça Azerbaýjan bilen haçan ylalaşyk bolar diýip pikir edýärsiňiz?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 05:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1781)
Bu mesele ýyllardyr çözülmän gelýär, indi hem az wagtda çözüljegine ynananokdym. Transhazar geçirijisi boýunça bäş döwletiň ylalaşmagy örän kyn bolar öýdýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...