Dünýä futbolyndan soňky transferler (Awgust 2018)

+4 ses
146
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 05.08.2018 12:39 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#179)
“Milan” topary “Ýuwentusyň” argentinaly hüjümçisi Gonzalo Higuaini 1 ýyllyk kärendesine öz düzümine goşdy. 30 ýaşly hüjümçini “Milan” islän ýagdaýynda geljek ýyl 36 million ýewro baha transfer edip biler. Higuain 2 möwsüm öň “Napoliden” “Ýuwentusa” 90 million ýewro transfer bolupdy. Şeýle-de 2017-nji ýylyň tomsunda “Ýuwentusdan” “Milana” geçen 31 ýaşly Leonardo Bonuççi täzeden öňki klubuna dolandy. “Milan” Bonuççiniň öwezine “Ýuwentusyň” 24 ýaşly ýarymgoragçysy Mattia Kaldarany aldy.
Dünýä çempionatynyň ýyldyzlaryndan russiýaly Aleksandr Golowin Moskwanyň SSKA toparyndan Fransiýanyň “Monako” klubuna transfer boldy. 22 ýaşly oýunçy täze topary bilen 5 ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy. Oýunçynyň transfer bahasy-da resmi däl maglumatlara görä, 30 million ýewro bolup, ol Russiýanyň rekordyna deňdir.
Madridiň “Atletiko” topary gollandlaryň PSW klubundan kolumbiýaly sag gyraky goragçy Santiago Ariasy transfer etdi. 26 ýaşly oýunçy ispan klubunda 2023-nji ýyla çenli oýnar. Transferiň bahasy barada iki tarapam dil ýarmady. Şeýle-de “Atletiko” ozalky sag gyraky goragçysy, horwatiýaly Same Wrsalkony “Intere” kärendesine ugratdy.
Iňlis kluby “Ewerton” ispanlaryň “Barselonasyndan” fransiýaly çep gyraky goragçy Luka Din bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 25 ýaşyndaky oýunçy üçin “Ewerton” 18 million funt sterlingi “Barselona” tölär. “Ewerton” ondan öňem “Watford” toparyndan braziliýaly hüjümçi Riçarlisony 40 million ýewro transfer edipdi. Italiýanyň “Lasio” topary “Sewilýadan” 23 ýaşly ýarymgoragçy Hoakin Korreany 16 million ýewro transfer etdi. Argentinaly oýunçy rimliler bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Şeýle-de, “Lasio” kluby “Fiorentina” bilen şertnamasy tamamlanan 29 ýaşyndaky horwatiýaly ýarymgoragçy Milan Badelži hem düzümine goşdy.

11 Teswir

+4 ses
Awtor: (Magistr) | 21.03.2026 06:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#555)
Durdy, habarlar üçin sag bol! Higuain Milan-da özüni görkezip bilermikä diýip çyn ýüregimden gyzyklanýaryn, sebäbi Ýuwentusdan gidişi biraz geň galdyryjy boldy.
+3 ses
Awtor: (Magistr) | 22.03.2026 09:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#661)
Higuainiň Milana geçişi hemmeler üçin garaşylmadyk zat boldy, şowly transfermi ýa däl, ony möwsümiň dowamynda göreris. Ýöne Bonuççiniň yzyna dolanmagy meni örän geň galdyrdy.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 25.03.2026 13:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#911)
Şol tomus transfer bazary gaty gyzykly geçipdi. Higuainiň Milana geçmegi meni şahsy özüm üçin garaşylmadyk waka bolupdy, ýöne futbol şonuň üçin hem gyzyklyda.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 16.04.2026 08:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2702)
Şol ýyllar transfer bazary hakykatdan-da gyzgalaňly bolupdy, Milan bilen Ýuwentusyň arasyndaky çalşyklar entegem ýadymda. Sizçe Higuain Milanda özüni görkezip bildimi ýa-da ýalňyş transfer boldumy?
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 05.05.2026 23:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4177)
Higuainiň Milana geçeni gaty geň galdyrdy, ýöne Bonuççiniň yzyna dolanmagy has garaşylmadyk zat boldy. Umuman, transfer bazary bu tomus örän gyzykly geçýär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 07.05.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4311)
Higuainin Milana geçmegi meni ep-esli geň galdyrdy, göräýmeli gowy transfer boldy. Sizçe bu möwsümde Milan çempionlar ligasyna çykyp bilermikä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.05.2026 04:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4522)
Higuainiň Milana geçmegi meni ep-esli geň galdyrdy, ýöne Bonuççiniň yzyna dolanmagy has garaşylmadyk zat boldy. Sizçe bu transferler Milany çempionlyga ýakynlaşdyryp bilermikä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 16.05.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5088)
Higuainiň Milana geçeni gaty geň galdyrdy, gaty gyzykly möwsüm garaşýar öýdýän. Sizce Bonucci täzeden Ýuwentusda özüni görkezip bilermikä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 19.05.2026 12:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5331)
Higuainiň Milana geçmegi meni ep-esli geň galdyrdy, göräýmeli bu möwsüm näme bolarka. Bonuççiniň yzyna dolanmagy hem az bolmady, transfer bazary çyndan gyzykly pursatlar başlandy diýsek bolar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.05.2026 21:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5651)
Durdy, habarlar üçin sag bol, Higuainiň Milana geçeni gaty geň galdyrdy. Görüp otursak transfer bazary bu tomus gaty gyzgyn geçen eken, ýene kimleriň geçmegine garaşýarsyň?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. bet-turkmen (104 oçko)
  2. josgun (103 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...