Kristiano Ronaldo 112 million ýewra Ýuwentusa transfer boldy

+3 ses
97
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 15.07.2018 17:12 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#175)
Dünýäniň super ýyldyzy, Real Madridiň portugaliýaly futbolçysy Kristiano Ronaldo mundan soň, karýerasyny Italiýada dowam etdirer. UEFA Çempionlar ligasynyň iň netijeli oýunçysy Ronaldo mundan soň, bu ýaryşyň çäklerinde iň köp gol geçiren kluby “Ýuwentusyň” köýnekçesini geýer.
Super ýyldyz italýanlaryň iň uly kluby Ýuwentus bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Turinliler 33 ýaşly hüjümçi üçin 100 million ýewrony Real Madride, 12 million ýewrony-da oýunçynyň ilkinji kluby Sporting Lizbona berer. Real Madridde klubuň hem-de beýleki birnäçe halkara rekordlary täzelän super ýyldyz täze toparyndan her ýyly üçin 30 million ýewro hak alar.
Özüniň italýan toparyna geçmegi bilen baglanyşykly: — "Realda geçiren 9 ýylym meniň üçin ýatdan çykmajak ýyllardyr. Ähli janköýerlere minnetdarlyk bildirýärin. Ýöne aýrylmagyň wagty geldimikä diýýän. Başga kluba transfer bolmagy özüm isledim. Really janköýerlerden ötünç soraýaryn. Aýratynam, muşdaklarymdan maňa dogry düşünmeklerini haýyş edýärin. “Real Madrid” maňa we maşgalama hemişe uly goldaw berdi. Nirede bolsamam, haýsy köýnekçäni geýsemem, men hemişe özümi Santiago Bernabeuda ýaly duýaryn. Men bu klub bilen bilelikde taryhy başarnyklar gazandym. Toparyň ýolbaşçylaryna, janköýerlerine, topardaşlaryma, lukmanlaryma, umuman hemmä köp sagbolsun aýdýaryn" diýdi.
2009-njy ýylyň tomsunda 94 million ýewro Mançester Ýunaýtedden Real Madride transfer bolan Ronaldo şa klubunda diýseň ýokary netijeler görkezdi. Ol bu klubda oýnan 9 möwsüminde 4 gezek Çempionlar ligasynda, 2 gezek La Ligada, Ispaniýanyň Şa Kubogynda, UEFA Super Kubogynda, Ispaniýanyň Super Kubogynda hem-de 3 sapar FIFA Klublararasy Dünýä Kubogynda ýeňiji boldy. Real Madridiň iň köp gol geçiren oýunçysy bolan Ronaldo, La Ligada 292 oýunda 311 gol, umumylykda, şa klubunda 438 duşuşykda 450 gol geçirdi.

5 Teswir

+3 ses
Awtor: (Talyp) | 19.03.2026 19:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#414)
Durdy, dogry aýdýarsyň, Ronaldu ýaly oýunçynyň gidişi Real Madrid üçin uly ýitgi bolar. Görüp otursak, futbol dünýäsinde hiç zat hemişelik däl eken, görýäris-dä.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 14:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#586)
Real Madridden gitmegi garaşylmadyk zat boldy welin, Ýuwentusda hem gowy oýnar öýdýärin. Sizce Ronaldo italýan futbolyna çalt öwrenişip bilermikä?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 01:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#627)
Wow, bu transfer futbol dünýäsi üçin garaşylmadyk zat boldy. Men şahsyýet hökmünde Ronaldonyň Ýuwentusda hem şowly çykyş etjekdigine ynanýaryn, siz näme pikir edýärsiňiz?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 20:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1459)
Wow, Ronaldo indi Ýuwentusda boljakmy? Dogrusy, Real Madridsiz oňa öwrenişmek kyn bolar, ýöne Serie A-da näme edip biljekdigini görmeli.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 11.04.2026 08:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2399)
Real Madridden gitmegi garaşylmadyk zat boldy, ýöne Italiýanyň ligasynda näme edip biljekdigine gyzyklanýaryn. Sizçe Ýuwentusda hem şeýle şowly çykyş eder mi?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...