Stambulda ýogalan türkmenistanly Maral Klyçewa hossar gözlenýär

+4 ses
118
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 23.06.2018 13:24 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#157)
Sosial mediada türkmenistanly migrantlaryň ýaýradýan bildirişlerinde Stambulda ýogalan daşoguzly migrant zenana hossar gözlenýändigi habar berilýär we merhumyň Türkmenistanyň biometriki bolmaýan köne pasporty bilen türk keselhanasy tarapyndan berlen ölüm habarnamasy halk köpçüligine görkezilýär.
Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň Göztepe ylmy-barlag keselhanasy tarapyndan taýýarlanan ölüm habarnamasynda, Türkmenistanyň raýaty, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy we 1968-nji ýylda doglan Maral Kylyçewanyň 12-nji iýunda aradan çykandygy we Türkiýede kanuny ýagdaýynyň bolmandygy beýan edilýär.
Resminamada türkmen migrant zenanynyň ölüm sebäbiniň ýokanç kesel sebäpli bolmandygy üçin bedeniniň hem barlagdan geçirilmän, morga iberilendigi ýazylypdyr.
Türkiýedäki Türkmen habar gulluklary merhum türkmen migrant zenanynyň ykbaly bilen gyzyklanyp, Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň Göztepe ylmy-barlag keselhanasyndan maglumat almaga synanyşdy. Emma keselhananyň işgärleri telefonda merhumlar barada hiç kime jikme-jik maglumatyň berilmeýändigini, diňe hossarlary ýüz tutanda, olara şeýle maglumatyň berilýändigini aýtdylar.
Ýogalan daşoguzly zenanyň bir öýde bile ýaşan obadaşynyň aýtmagyna görä, merhum owal iki gezek damarlaryny açdyran ekeni.

MARAL KLYÇEWANYŇ Pasporty: http://i.hizliresim.com/lZrjll.jpg

6 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 19.03.2026 23:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#431)
Jany jennetden bolsun, gaty gynandyryjy ýagdaý eken. Hudaý hossarlaryna sabyr bersin, göräýmeseň ýarym ýolda galan ykballar köpeldi.
+5 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#440)
Jany jennetden bolsun, gaty gynançly ýagdaý. Bir hossary tapylyp, jesedi maşgalasyna gowşurylsa gowy bolardy, bu babatda kömek edip biljek ýerimiz barmy?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 04:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#544)
Jany jennetden bolsun, gaty gynançly ýagdaý. Birleşip hossarlaryny tapsak gowy bolardy, ýakynlaryna habar berilmese morga tabşyrylanlar köplenç kyn ýagdaýda galýarlar.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 14.04.2026 02:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2648)
Alla ýalkasyn, gaty gynançly ýagdaý ekeni josgun. Göräýmäge dogan-garyndaşlary hem habarsyz öýdýän, bu habary özlerinden başga ýere ýaýradyp bilsek gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 04:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2772)
Jany jennetden bolsun, gaty gynandyryjy ýagdaý. Bir hossary tapylyp, jesedi öz dogduk mekanyna ugradylar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 07:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2785)
Jany jennet bolsun, hossarlaryna sabyr dileýärin. Daşary ýurtda ýeke galyp ýogalmak gaty agyr, nädip kömek edip bileris?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...