Türkmenistandan daşary ýurda çykmak günbe gün kynlaşýar

0 ses
188
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 13.06.2018 08:11 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#152)
Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, başda Türkiýe bolmak bilen Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Belarus hem ÝB-niň ýurtlaryna ýokary okuw jaýlarynda okamaga gidýänleriň köpelendigi aýdylýar.
Daşary ýurtlarda ýokary bilim alýan türkmenistanly studentleriň käbiriniň dynç alyş ýa-da başga saý-sebäp bilen öýüne dolananlarynda, yzyna goýberilmeýändigi aýan bolýar. Daşary döwletlere syýahat etmek isleýän türkmen raýatlaryna Aşgabadyň aeroportyň migrasiýa gullugy tarapyndan gadagançylyklaryň artýandygyny ýaşaýjylardan eşitse bolýar.
13-nji fewral 2018-de hiç hili sebäp aýdylman Aşgabatdan Stambula uçýan uçara ortaça 70 ýolagçy goýberilmedi. Şonda aglabasy lebaply we daşoguzly zenanlardan kiçi göwrümdäki protest çäresini geçirdiler.
Hat-da 2018 Aprel aýynda Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy, Stambula gidýän halkara uçara üç gezek goýberilmedik raýat öz janyna kast etdi.
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda ýaşaýan erkek üç gezek Türkiýä gitmäge synanyşdy, emma bu başa barmady. Üçünji gezek hem uçardan alyp galanlaryndan soň, oňa ýurtdan hiç wagt goýberilmejegini aýtdylar. Ol şondan soň öz öýüniň işigindäki daragtdan özüni asdy. Ol bergi-borja batyp, bilet satyn aldy, emma bergisini yzyna gaýtaryp bilmedi we bu onuň özüni heläklemegine sebäp boldy.
“Ol gün-güzeranynyň ýaramazlaşmagy sebäpli çagalaryny bir wagtyna hem naharlap bilmeýär. Çagalarynyň mekdebe ýyrtyk egin-eşikde gatnamagyna namys edip,  uly prosentine karz pul alyp, Türkiýä gazanç etmäge gitmekçi bolýar. Emma onuň bu synanyşygy başa barmansoň, alan karzyny üzüp bilmejegini bilip, ‘garyplykdan we işsizlikden ýadadym’ diýen ýazgy galdyryp, öz janyna kast edýär” diýip merhumyň garyndaşy habar berýär.
Ýatladyňyza düşse, öňem 28-nji maýda Aşgabatda bir aýalyň migrasiýa gullugynyň işgäri bilen bolan dawadan soň heläk bolupdy. Ol aýal hem Türkiýä gidýän uçara goýberilmändi. Şondan iki gün soň prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdow-a berk käýinç beripdi.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

9 Teswir

+4 ses
Awtor: (Magistr) | 20.03.2026 12:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#483)
Bu ýagdaýlar hakykatdan hem gaty gynandyryjy, adamlar maşgala eklemek üçin çykalga gözleýärler. Görüp otursak, näçe adam öz umydyny ýitirip barýar, bu ýagdaý näme üçin beýle kynlaşdyka?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 17:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#693)
Ýagdaýlaryň şeýle bir kynlaşyp barýanyna gynanýaryn. Adamlaryň başyndan geçýän bu kynçylyklary görüp, ýüregim agyrýar, soňy nirede galar öýdýän.
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 01:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1106)
Walla, bu zatlary eşidip ýüregim agyrýar, adamlaryň ýagdaýy hakyt çydamaly däl. Näme üçin şeýle kynçylyk döredýärler, haçan gowulaşarka bu ýagdaýlar?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 20:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1275)
Bu zatlary eşidip ýüregim agyrýar, halkyň ýagdaýy gerçekten gaty kynlaşdy. Näme üçin adamlar öz ýurdunda iş tapyp, erkin ýaşap bilmeýärlerka?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 15:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1442)
Durdy dogan, bu ýagdaýlar hakykatdan hem ýürek awadýar, ynsanlaryň öz janyna kast edýänçä düşýän ýagdaýy gaty gynançly. Bizem garyndaşlarymyz bilen daşary ýurda gitmek meselesinde gaty kynçylyk çekýäris, bu ýagdaýlar haçan düzedilkä?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 16:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1633)
Adamkärçilikden geçip barýarlar, hakykatdanam ýaşaýyş gün saýyn kynlaşýar. Ýaşlaryň geljegi näme bolarka, bu ýagdaýa haçan bir çykalga tapylar?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 09.04.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2276)
Bu ýagdaýlar hakykatdanam örän gynançly. Ýaşlarymyzyň we adamlarymyzyň şeýle çykgynsyz ýagdaýa düşmegi köpimizi biynjalyk edýär.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 09:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2500)
Bu ýagdaýlar hakykatdanam örän gynançly, adamlaryň ykbaly bilen oýun oýnamak bolmaýar. Görüp otursak, halkyň ýaşaýyş derejesi şeýle bir pese düşüpdir welin, çykalga tapman öz janyna kast edýänleriň sany köpelýär.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 04:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2773)
Durdy, bu ýagdaýlar hakykatdan-da ýürek agyrtýar, adamlar näme üçin beýle kynçylyk çekmeli? Daşary ýurtda işlejek bolup bikanun ýollar gözleýän tanyşlarymyň sany hem gün-günden köpelýär.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...