Magtymguly Pyragy - Ýar senden

+1 ses
134
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Edebiýat | 06.06.2018 10:26 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#147)
Bilbilleri ýesir eden güli-handan,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!
Ýedi yklym maňa görüner zyndan,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

İspendiýar Ruinten, Rüstem Zalynda,
Şam, Nejefde, Mekke, Dymşyk ilinde,
Arzy Karsda, Kerbelanyň çölünde,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Şerap içip, serhoş bolup, segresem,
Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam,
Görogly dek dagdan-daga ugrasam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Bir gül kokar gözel ýaryň bagynda,
Bilbil hüjüm eýlär sol-u sagynda,
Beýtullanyň Safa, Merve dagynda,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Şyh Sengan deý uzyn gaýga ulansam,
Şibli kimin toz-topraga bulansam,
Käbä baryp, ýedi keret dolansam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Ýusup kibi zyndan içre aglasam,
Jirjis kibi jan ýolunda çaglasam,
Ýunus kibi haka gulluk baglasam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Doga kylyp, elim göge galdyrsam,
Gül, Ferhar dek gyzyl meňzim soldursam,
Gopuz alyp, beýik nagra çaldyrsam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

İsa kibi hylwat tutsam semada,
İdris kibi gulluk etsem zyýada,
Hyzyr, Ylýas kibi girsem zulmada,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Magtymguly, aşyklaryň mestinde,
Hyra gözi haýran olar dostunda,
Ýedi ýerde, dokuz pelek üstünde,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

7 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 10:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#666)
Magtymguly atamyzyň bu goşgusy hemişe kalbymy joşdurýar, hakyky şahyrana setirler. Siz bular ýaly mazmunly goşgulary köpräk paýlaşyp duruň, örän täsirli.
+4 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 02:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1204)
Magtymgulynyň şygyrlarynyň täsiri başgaça-da, ýüregiňi elin alýar. Bu setirleri okap, hakykatdanam içimden bir hili bolup gitdim.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 12:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1244)
DrWaltBishop, Magtymguly agamyzyň bu goşgusyny okasam hemişe içim ýanyp gidýär, hakykatdanam örän täsirli setirler. Siz hem şu goşgynyň äheňine köp üns berýärsiňiz öýdýän, başga haýsy goşgularyny has gowy görýaryny has gowy görýärsiňiz?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 18:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1360)
Magtymguly atamyzyň goşgularyny okanda hemişe ruhuň göterilýär. Bu goşgynyň äheňi juda täsirli, paýlaşanyň üçin sag bol.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 13:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1815)
DrWaltBishop, Magtymguly atamyzyň bu goşgusy nähili täsirli, okaýanyňda ýüregiňe dürtülip dur. Şahyryň bu setirleri ynsanyň ruhy dünýäsini örän çuňňur açyp görkezýär, paýlaşanyň üçin sag bol!
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 07:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1981)
DrWaltBishop, Magtymguly agamyzyň bu goşgusynyň täsiri başgaça-da, ýürekden okaýarsyň. Gaty täsirli setirler, paýlaşanyň üçin sag bol.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2034)
Magtymguly atamyzyň bu goşgusy nähili täsirli, okanyňda göwün birhili bolýar. Bu setirleri her gezek okanymda ýüregim ýerinden çykjak bolýar, hakyky şahyrlyk gudraty diýseñ boljak.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (510 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (316 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...