Dünýäniň iň meşhur türgeni kim?

+2 ses
83
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 28.05.2018 05:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#137)
ABŞ-niň iň uly sport ýaýlym organy ESPN Dünýäniň iň meşhur türgenleriniň sanawyny çap etdi. Sanawyň ilkinji orunlarynda Ronaldo, LeBron we Messi bar.
Real Madridiň portugaliýaly futbolçysy Kriştianu Ronaldo sanawyň 1-nji orununa laýyk görüldi.
Şu ýyl 3-nji gezek çap edilen sanawda sosial mediada 121,7 million tarapdary bolan Ronaldo bu ugurda hem dünýädaki sportsmenleriň arasynda ilkinji orunda.
UEFA Çimpionlar ligasynda şu günki güne çenli 120 gol geçirip, bu ugurda hem 1-nji ýerde bolan 33 ýaşly Kriştianu Ronaldonyň sponsorlyk ylalaşyklarynyň gymmady takmynan 40 million dollar.
Sanawyň 2-nji ornunda Amerikan Basketbol ligasy NBA-nyň toparlaryndan Kleweland Kawaliersiň amerikaly ýyldyz basketbolçysy LeBron James bar.
Sosial mediada 40,8 million tarapdary bolan 33 ýaşly Jamesiň NBA-nyň iň gowy basketbolçysydygy bellendi.
Mundan başgada James 55 million dollarlyk sponsorlyk ylalaşyklary bilen bu ugurda dünýädäki türgenleriň arasynda ilkinji orundadygy habar berildi.
Sanawyň 3-nji ornuna Barselonanyň argentinaly futbolçysy Lionel Messi laýyk görüldi.
Beýanatda sosial mediada 88,1 million tarapdary bolan 30 ýaşly Messiniň sponsorlyk ylalaşyklarynyň gymmadynyň 25 million dollardygy mälim edildi.

ÇEŞME: TRT HABAR

3 Teswir

+4 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 19:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#603)
Ronaldo hemişe öz ornuny saklaýar, hakykatdan hem täsirli. Sizçe Messiniň ýa-da LeBronyň ony geçmäge mümkinçiligi barmy?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 21:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1185)
Meniň pikirimçe Ronaldo hakykatdan hem öz zähmeti bilen şu derejä ýetdi. Sizce Messi geljek ýyl sanawyň başyna geçip bilermi?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 14:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2807)
Ronaldo hakykatdan hem öz işiniň ussady, ýöne men şahsy özüm Messiniň oýun stilini has gowy görýärin. Sizçe bu sanawda ýene kim bolmaly türgen barmy?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (512 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (316 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...