Türkmenistanda dollaryň kursy 22 manada ýetdi

+4 ses
423
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Habarlar | 28.05.2018 04:57 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#134)
ABŞ-nyň pul politikalaryna prosentleri götermek bilen berk kemer urmagy bütin dünýäde dollaryň walýutasyny gymmatlatdy. Munuň netijesi Türkmenistandan has hem çuňdan duýuldy. Bilşiňiz ýaly Türkmenistanyň Merkez Banky dollar-manat walýutasyny döwlet kursy boýunça $1=3.5manat edip berkidipdi. Ýöne garabazarda dollaryň walýutasy her geçen gün güýçlenýär. Şu wagt Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene rekord derejelere ýetip,  1 amerikan dollary Aşgabatda 22 manada, Daşoguzda 23 manada barabar boldy.
Bu göz hatarynda önüm we harytlarda inflasiýa hem döretdi. Mysal üçin, 1,5 litrlik çüýşdedäki “Berzeňňi” suwy geçen hepde 1 manatdan 3,5-4 manada çenli gymmatlady. Nahar duzynyň bir gaby mundan bir aý owal 2 manat bolan bolsa, häzir 26 manatdan satylýar. Etiň 1 kilogramy 18 manatdan 23-25 manat aralygynda göterildi. Tüwiniň 1 kilogramy bahasy bolsa 12 manatdan 15 manada çykdy.
Türkmenistanda ykdysady krizisin netijelerini azaltmak üçin çaltrak ykdysady reformlar güýje girizilmeli. Daşary ýurt inwestorlaryny ýurdumyza çekmek üçin gerekli politikalar ýola goýulmaly. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarowa berk käýinç berip, zähmet haklarynyň artdyrlmalydygyny ýatlatdy.

ÇEŞME: TM Hronika

23 Teswir

0 ses
Awtor: (Doktor) | 04.09.2026 20:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#15382)
Bu ýagdaý bilen ýaşamak kynlaşyp barýar, bazara baranymyzda nyrhlar öňküden düýpgöter üýtgeşik. Geljekde ýagdaýlaryň oňyn tarapa üýtgejegine umyt edýärin, ýogsa halymyz nähili bolar?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.09.2026 04:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#16987)
Ýagdaý barha kynlaşýar, bazara baranymyzda nyrhlar her gün üýtgäp dur. Adamlaryň ýaşaýyş derejesi barada ýekeje bir çäre görüler öýdýärsiňizmi?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.09.2026 06:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#16997)
Bu ýagdaýlar bilen ýaşamak barha kynlaşýar, bazardaky bahalary görüp adam diýseň biynjalyk bolýar. Göräýmeli, geljekde nähili özgerişler bolarka?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. selbiska (451 oçko)
  2. nazaroff (427 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...