Türkmenistanda dollaryň kursy 22 manada ýetdi

+3 ses
137
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 28.05.2018 04:57 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#134)
ABŞ-nyň pul politikalaryna prosentleri götermek bilen berk kemer urmagy bütin dünýäde dollaryň walýutasyny gymmatlatdy. Munuň netijesi Türkmenistandan has hem çuňdan duýuldy. Bilşiňiz ýaly Türkmenistanyň Merkez Banky dollar-manat walýutasyny döwlet kursy boýunça $1=3.5manat edip berkidipdi. Ýöne garabazarda dollaryň walýutasy her geçen gün güýçlenýär. Şu wagt Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene rekord derejelere ýetip,  1 amerikan dollary Aşgabatda 22 manada, Daşoguzda 23 manada barabar boldy.
Bu göz hatarynda önüm we harytlarda inflasiýa hem döretdi. Mysal üçin, 1,5 litrlik çüýşdedäki “Berzeňňi” suwy geçen hepde 1 manatdan 3,5-4 manada çenli gymmatlady. Nahar duzynyň bir gaby mundan bir aý owal 2 manat bolan bolsa, häzir 26 manatdan satylýar. Etiň 1 kilogramy 18 manatdan 23-25 manat aralygynda göterildi. Tüwiniň 1 kilogramy bahasy bolsa 12 manatdan 15 manada çykdy.
Türkmenistanda ykdysady krizisin netijelerini azaltmak üçin çaltrak ykdysady reformlar güýje girizilmeli. Daşary ýurt inwestorlaryny ýurdumyza çekmek üçin gerekli politikalar ýola goýulmaly. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarowa berk käýinç berip, zähmet haklarynyň artdyrlmalydygyny ýatlatdy.

ÇEŞME: TM Hronika

6 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 20:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#704)
Bahalar barha ýokarlanyp, ýaşaýyş kynlaşýar, aýlyklaryň ýetmeýändigi bolsa düşnükli zat. Bu ýagdaý haçan kadalaşarka, hakykatdanam çykgynsyz ýaly bolup barýar.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 07:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#837)
Bu bahalaryň ýokarlanmagy bizi gün-günden kyn ýagdaýa salýar. Eýsem bu ýagdaý haçan düzelerkä ýa-da hasam erbetleşermi?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 14:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1344)
Bahalar barha ýokarlanyp, ýaşaýyş kynlaşýar, aýlyklar bolsa hiç zat etmeýär. Bu ýagdaý haçana çenli dowam ederka, hakykatdanam gün-günden agyrlaşýar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1775)
Bahalar barha ýokarlanyp barýar, halymyzyň nähili boljagyny bilmek kyn. Bu ýagdaý bilen ýaşamak örän kynlaşdy, göräýeli indi näme bolar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 18.04.2026 11:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2883)
josgun, ýagdaý gerçekten gaty çylşyrymly bolup barýar, bazara gidip zat alyp bolanok. Bu bahalar bilen nädip gün göreris, pikir etseň adam ürküp gidýär.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 18.04.2026 16:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2902)
Bahalar barha elýetmez bolup barýar, halymyza kim düşüner öýtýän? Bu gün bazara baranymda hemme zat iki esse gymmatlapdyr, näme etjegimizi bilemizok.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (579 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (345 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...