Türkmenistanda 8-nji mart Halkara aýal-gyzlar gününi bellenildi, aýal-gyzlara 40 manat (4$) berildi

+4 ses
221
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 08.03.2018 13:22 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#129)
8-nji martda Türkmenistanda Halkara aýal-gyzlar gününi bellenilip geçildi. Bütin ýurt boýunça konsertler we köpçülikleýin gezelençler gurnaldy. 8 we ondan köp çaga dogran eneleriň onlarçasyna “Ene mähri” diýen hormatly at berildi.
Türkmen aýal-gyzlary 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken buýrugyna laýyklykda, aýal-gyzlara Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan Halkara ayal-gyzlar güni mynasybetli 40 (5$) manat möçberde pul sowgatlary gowşuryldy.
“Pul sowgatlary ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara berildi” diýip Türkmenistanyň resmi habar pudagy bildirdi.
Geçen ýylyň 8-nji martynda (2017) hem aýal-gyzlara 40 manat sowgat berilipdi. Munuň ýany bilen, prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýal-gyzlara öz täze aýdymlaryny sowat etmegi wada berdi.

4 Teswir

+3 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 06:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#746)
nazaroff, dogry aýdýarsyňyz, bu sowgat köp maşgala üçin gowy kömek boldy. Emma şol puluň möçberi biraz azrak dälmi, näme üçin ýyl geçse-de bahalar her ýyl gymmatlaýar ahyryn?
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 10:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#848)
40 manat köp däl welin, ýene bir gezek gutly bolsun diýeliň. Esasy zat mähir we hormat, prezidentiň aýdymy bolsa täzeçe sowgat boldy öýdýän.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 12:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1338)
40 manat köp zat däl welin, bar bolanyna hem şükür. Täze aýdymyny bolsa entek eşidenim ýok, göräýeris welin näme bolar.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 00:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2464)
40 manat köp däl bolsa-da, bar ýerinde ýagşy. Ene mähri adyny alan zenanlarymyzy bolsa gutlaýaryn, halal zähmetlerine degýän baýrak.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (512 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (316 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...