Türkmenistandan başga döwletlere göçýänleriň sany barha köpelýär

+6 ses
141
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Ykdysadyýet | 07.03.2018 11:09 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#128)
Türkmenistanda 2016-dan bäri dowam edýän ykdysady krizisiň ýykyjy netijeleri ýüze çykyp başlady. 1 ýanwar 2017-den 31 dekabr 2017-ä çenli alynan statistiki maglumatlara görä Türkmenistandan başga döwletlere göçýänleriň sany beýleki ýyllaryň ortaçasyna görä 12 esse köpelipdir. Bilşiňiz ýaly 18-45 ýaş aralygyndaky ilat işe ukyply hasaplanylýar. Bu ilatyň 44% daşary ýurtlarda ýa okamana ýa-da işlemäne resmi ýa-da resmi bolmadyk görnüşlerde göç edipdir. Bu 44%-iň 25%-e golaýy Türkiýä, 17%-ä golaýy Rossiýa ýa-da Ukraina, galan 2% bolsa beýleki döwletlere göç edipdir. Türkmenistandan Türkiýäniň Istanbul şäherine göçýänleriň sany 1 ýylda 45%-a, Orsýetiň Wolgograd şäherine  göçýänleriň sany bolsa bir ýylda 81%-a barabar köpelipdir.
Bilişiňiz ýaly Türkmen raýatlary wiza alman Türkiýä 30 günlügine gelip bilýärler, Aşgabat aeropordyndaky Türkmen migrasiýasyndan geçip bilseler bolany, yza dolanmak ortaça 4-5 ýyl. Bu wagt içinde Türkiýede işläp pul ýygnap şeýdip yza dolanýarlar.
Gidýänleriň 38%-e golaýy talyp wizasy bilen gelselerem, daşary ýurda çykýanlaryň 97%-i işleýär. Sebäbi ata-enesi Türkmenistandan talyp ogul-gyzlaryna pul ugradyp bilenok. Gereksiz bir uzyn prosedura we banklarda uzyn oçerdlar bar.
Bu ykdysady krizisi çözmek gaty kyn my? Däl. Ýöne muny bilýänlere, daşary ýurtlarda okap alym derejesine ýetişen ýaş ekonomist Türkmen raýatlaryna bu wezipe berilenok. Türkmenistanda bütin wezipekler doly. Bir tarapda kresla oturan, pensiýa wagty gelse-de turasy gelenok. Beýleki tarapda, her aý ministr, başlyk we wezipeler çalşylyp dur. Hukuk bakalwr derejeliler, ekonomist bolup ýör, ykdysadyýetçiler başga wezipelerde. Uzyn gepiň gysgasy, balyk başyndan porsar.

7 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 11:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#573)
Nazaroff, ýazanlaryň doly hakykat, töweregimdenem köp adam şol sebäpler bilen gitdi. Biziň ýaşlara ýol açylsa, belki ýagdaý üýtgeýärmikä diýýärin, ýöne häzirki ýagdaýda umyt gaty az ýaly görünýär.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 08:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#898)
Dogry aýdýarsyň, ýaşlaryň köpüsi geljekden umydyny üzüp gitmäge mejbur bolýar. Bu ýagdaýy düzedip boljak ýaly welin, görşümiz ýaly hiç kim üýtgeşiklik etmäge howlukmaýar.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 20:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1274)
Dogry aýdýarsyň, ýagdaý hakykatdan hem gaty kynlaşdy. Töweregimizdäki tanyşlarymyzyň hem köpüsi daşary ýurda gitmegiň ugruny edýär, başga çykalga galmady ýaly.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 10:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1707)
Hakykatdan hem ýagdaý gözýetimli, köp tanşym şol sebäpli daşary ýurtda zähmet çekýär. Näme üçin tejribeli ýaşlarymyza ynam bildirmeýärkäk, bu ýagdaý näçe wagt dowam ederka?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 14:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2006)
Hakykatdanam ýagdaý gözgyna, garyndaşlarymyň hem köpüsi daşary ýurtda işleýär. Bu gidiş bilen ýaşlar galamaz öýdýän, ýagdaýyň düzeljeginem hiç kim bilmeýär.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 06:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2130)
Dogry aýdýarsyň, ýagdaý hakykatdan hem gaty kynlaşdy. Tanyşlarymyň köpüsi hem ýaşaýyş şertleri üçin şol bir ýollar bilen gidip gitdiler, hiç kimiň yzyna dolanasy gelenok.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 15.04.2026 02:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2661)
Hakykatdanam ýagdaý gynandyryjy, köp tanyşlarym maşgalasyny eklemek üçin daşary ýurtda ýaşap ýör. Bu gidiş bilen ýaşlaryň hemme gidip gutarjagyna gorkýaryn, çözgüt tapylar diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (579 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (345 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...