Türkmenistanda dermanlaryň bahasy bir ýylda 50% gymmatlady

+5 ses
105
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Saglyk | 13.02.2018 16:07 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#126)
Türkmenistanda dermanlaryň bahasy bir ýylda 50% gymmatlady. 2017-nji ýylyň dekabrynda berlen syndan bäri dermanlaryň bahalary ýene-de gymmatlady.

Mysal üçin:
Gerbion (sirop, 150 mg) – 26 manatdan 31 manada çenli gymmatlady (+19,23%)
Panangin Forte (60 tabl.) – 38-dan 55-e galdy (+44,74%)
Biferon (3) 1.000.000 ME – 96-dan 105-e çenli (+9,38%)
Analgin 500mg/2mg (10 ampul) – 11-den 15-e (+36,36%)
Dimedrol 1ml (10 ampul) – 15-den 25-e (+66,67%)
Naklofen 75ml/3ml (5 ampul) – 20-den 22-ä (+10%)
Ketonal 100ml/2ml (10 ampul) – 43-den 47-1 (+9,3%)

Umuman alnanda, dermanlaryň bahalary 2016-njy ýylyň ýagýayndan bäri 45,7% gymmatlady. Ýöne dermanlaryň bahalary häzirki günlerde ozalkylara garanda has çalt ýokarlanýar. Mysal üçin, 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda olar 18% gymmatlady, soňky üç aýda bolsa, eýýäm 19% gymmatlady. Esasy gymmatlaýyş ýanwar aýynda boldy, şol wagt ýurduň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasy birden ýokary galdy. Ýurduň ýaşaýjylary, dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy hem-de benziniň 50% gymmatladylmagy sebäpli, nyrhlaryň ýene-de ýokarlanmagyna garaşýarlar.
2017-nji ýylyň noýabrynda saglyk ätiýaçlandyrmasynyň bahasy hem 50% ýokarlandy – aýlyklardan 2% tutulan bolsa, 3% prosent tutulyp başlandy. Şol bir wagtda, saglyk ätiýaçlandyrmasy bolan halatynda ýeňillikli bahadan alyp bolýan dermanlaryň sanawy 3 esse azaldyldy. Fewral aýynda alynan statistikalara görä bejeriş-diagnostika merkezilerinde edilýän hyzmatlaryň bahasy hem ýokarlandy. Mysal üçin, ozal MPT 200 manada duran bolsa, indi 270. UZI-niň bahasy 30 manatdan 50 manada galdy.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

7 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#611)
Hakykatdanam dermanlaryň bahasy gaty gymmatlady, indi hassahanalara barmagam gorkunç boldy. Bu ýagdaý haçan düzeler diýip pikir edýärsiňiz?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 17:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#787)
Wah josgun, bu ýagdaýa hakykatdan hem çydap bolanok, geçen hepde dermanhana baranymda özüm hem şunyň şaýady boldum. Adamlar näme etjegini bilmän galdylar, bu ýagdaý haçan düzeler diýip pikir edýärsiň?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 21:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1371)
Walla, dermanlaryň bahasynyň şeýle bir ýokarlanmagy hakykatdanam köpçüligiň ýagdaýyny agyrlaşdyrýar. Geçen hepde dmana baranymda özüm hem gözüm bilen gördüm, bahalar geçen aýkydan düýpgöter üýtgeşik. Bu ýagdaý näçe wagt dowam ederka?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 05:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1400)
Hakykatdan hem yagday gaty kynlasdy, dermanlar bir tarapda dursun, gije-gundiz gyssagly derman tapmak hem kyn. Adamlar nädip bejergi alarka, hemmämiz kynçylyk çekýäris.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 15:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2099)
Walla, dermanlaryň bahasynyň şeýle gymmatlaýşy adamyny gaty biynjynandyrýar. Ýönekeý halka gaty kyn düşýär, kömek edip biljek zat hem ýok.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 16:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2103)
Walla, dermanlaryň bahasynyň şeýle bir ýokarlanmagy barada eşidip, gaty gynandym. Ady adaty dermanlaryň özi hem indi elýeterli bolman barýar, halymyzyň nirede jemlenjegini özüm hem bilmeýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 03:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2474)
Dogry aýdýarsyň, josgun, häzir dermanhanalara girmäge gorkýarys. Adamlaryň ýagdaýy barha kynlaşýar, göräýmeli nämeler bolar öýdýärsiňiz?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (579 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (345 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...