Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, Ýewropa FIFA-nyň başlygy Infantinonyň ornuny çalşar ýaly täze dalaşgär gözläp başlapdyr. Açygyny aýtsam, men bu habara köp garaşypdym, çünki soňky ýyllarda FIFA-nyň kararlary köp soraglary orta atýardy. Futbolyň özüniň täjirçilikden has öňe geçip, hakyky tomaşa hökmünde galmagyny isleýärin. Siz näme pikir edýärsiňiz, Infantinonyň gitmegi futbol dünýäsini gowulaşdyryp bilermi, ýa-da ýene şol bir zatlar dowam eder?