Türkmenistanyň goşuny kuwwaty boýunça Merkezi Aziýada üçünji orunda durýar

+4 ses
200
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 06.01.2018 19:20 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#121)
Globalfirepower reýtingleri (derejeleri) çap etdi we oňa laýyklykda Özbegistanyň goşuny Merkezi Aziýada iň güýçli diýlip ykrar edildi (dünýä derejesinde 48-nji orunda), onuň yzyndan Gazagystan gelýär (53-nji orun) we regionda öňdäki üçlügiň soňuny Türkmenistan – reýtingdäki 84 orun bilen jemleýär.
Türkmenistandan soň reýtingde Gyrgyzystan (109) we Täjigistan (112) gelýär diýip, StanRadar (http://www.stanradar.com/news/full/24888-armija-uzbekistana-priznana-samoj-silnoj-v-tsentralnoj-azii.html) habar berýär.
GDA ýurtlarynyň arasynda Özbegistan Russiýadan we Ukrainadan (30-njy orun) yzda durýar.
Goşunlaryň reýtinginiň öňüni ABŞ, Russiýa, Hytaý, Hindistan we Fransiýa çekýär. Şeýle-de, harby döwletleriň onlugyna Angliýa, Ýaponiýa, Türkiýe, Germaniýa we Italiýa girýär.
Reýting düzülende goşundaky esgerleriň sany, harby tehnikalaryň möçberi we gury ýerde, howada hem deňizde söweş alyp barmak ukyby, jemi 50 töweregi faktor hasaba alynýar. Şol bir wagtda ýurtlaryň ýaraglanyşyga harçlap bilýän ykdysady serişdeleri, reýtinge gatnaşýanlary geografiki ýerleşişi nazara alyndy.

4 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 03:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#876)
Nazaroff, maglumat üçin sag bol. Goşunymyzyň has hem kämilleşmegine we tehnikalaryň täzelenmegine garaşýarys, ýöne esasy zat parahatçylyk bolsun.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 03:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1392)
Bu sanawlar köplenç ýöne çaklama bolýar, şonuň üçin köp zat hakykata gabat gelmän biler. Esasy zat goşunymyzyň tehniki taýdan ösmegi we ýigitlerimiziň söweşjeň ruhunyň ýokary bolmagy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1511)
Bu sanawlar köplenç takmynan düzülýän ýaly görünýär. Esasy zat goşunymyzyň hemişe taýýar we kuwwatly bolmagy, sanlar barada bolsa köp baş gatnanok.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 09.04.2026 08:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2224)
Bu sanawlar köplenç statistika esaslanýar, emmaýarmyka diýýärin. Esasy zat goşunymyzyň hemişe taýýar we kuwwatly bolmagy, sanlar barha gowulanar diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...