Türkmenistandaky ralli, weloýaryş we ylgaw bäsleşigi 26-njy fewralda başlanar

+3 ses
122
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 26.01.2018 19:05 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#120)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek baradaky karara gol çekdi.
Karar esasynda Sport baradaky döwlet komitetine degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde, “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmegiň tertibini bir aý möhletde işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
26-njy fewralda Türkmenistanda birbada üç sany sport ýaryşy:  “Amul-Hazar 2018” halkara awtoralli, weloýaryş we ýeňil atletikaçylaryň bäsleşigi başlanar.
Ralli we ýeňil atletikaçylaryň ýaryşy 15-nji sentýabrda, Türkmenbaşy şäherinde tamam bolar diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Belleýäris, bu çärelere görülýän taýýarlyklar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut öz gözegçiliginde saklanylýar, ol golaýda ýaryş geçirmegiň estafeta taýagynyň nusgalaryny hem tassyklady.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

2 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 13:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#772)
Şu ýyl ýene sport baýramçylygy bolar öýdýän, köp adam gatnaşar diýip umyt edýärin. Göräýmeli, bu gezekki ýaryşlar nähili geçerkä.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 04:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#829)
Şu ýylky ýaryşlar örän gyzykly boljak ýaly. Göräýmeli, şolar ýaly uly çäreleriň ýurdumyzda geçirilmegi gowy zat.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...