Gurbannazar Ezizow - Maňa Seniň Gözleriňden Gitme Ýok

+2 ses
822
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Edebiýat | 24.12.2017 07:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#107)
Maňa seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok.
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.

Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.

Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin ýaňagyň alyn,
Gijede görerin ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.

Zemin aýlanyp dur,
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok.

MP3: https://gyzgyn.com/music/gurbannazar-ezizow/gurbannazar-ezizow-gitme-yok.mp3

5 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 03:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#446)
Gurbannazaryň şygyrlary hakykatdan hem ýürekden çykýar, hemişe täsirli. Bu setirleri okanyňda ynsan nähili duýgulary başdan geçirýär, heýran galmaly.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 18:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#600)
DrWaltBishop sag bol, Gurbannazar Ezizowyň şygyrlary hakykatdan hem ýürekden çykýar. Bu goşgyny okaýanymda hemişe içimden bir hili bolup gidýärin, tüweleme saýlan eseriň juda täsirli.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1284)
Gurbannazaryň goşgularyny diňlemek hemişe ýakymly, sesi hem gaty täsirli çykypdyr. Hakykatdanam, türkmen edebiýatynda şeýle şahyrlar ýene gaýtalanyp gelmeýär.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 16:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2169)
Gurbannazar Ezizowyň goşgulary hakykatdanam täsirli, DrWaltBishop, paýlaşanyňyz üçin sag boluň. Bu şygry okap, ýene bir gezek şahyryň näderejede çuňňur duýgular bilen ýazandygyna göz ýetirdim.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 08:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2590)
Gurbannazar Ezizowyň goşgulary hakykatdan hem adamyň kalbyna täsir edýär, DrWaltBishop, paýlaşanyň üçin köp sag bol. Bu setirleri okap otyrkam ýene bir gezek şahyryň näderejede ussatdygyna göz ýetirdim.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (579 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (345 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...