Türkmenistanyň prezidenti jaýlarda gaz ölçeýjileri oturtmagy tabşyrdy

+4 ses
90
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 24.12.2017 07:21 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#105)
Türkmenistanyň hökümetiniň 22-nji dekabrda geçirilen mejlisinde energiýa netijeliligini we energiýa tygşytlamagy ýokarlandyrmak zerurlygy nygtaldy.
Türkmenıstan Döwlet Habar gullygynyň maglumatyna görä, “energiýa serişdeleriniň netijeliligini, olaryň tygşytlanylyşyny ýokarlandyrmak ýaşaýyş jaý toplumy üçin hem wajyp bolup durýar”. Sebäbi, energiýa serişdelerini, şol sanda tebigy gazy we elektrik energiýasyny harçlaýanlaryň köp bölegi hut şu ulgama degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, şeýle hem “mawy ýangyjyň” ulanylyşyny hasaplaýan ulgamy önümçilik we durmuş pudaklarynda mundan beýläk-de ornaşdyrmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi”.
Ýatladýarys, şu ýyl Türkmenistanda sosial ýeňillikler ýatyryldy we ýurtda 1-nji noýabrdan bäri jemagat hojalygy hyzmatlarynyň täze nyrhlary işleýär. Şondan soň häkimiýetler ilatdan jemagat hojalygy serişdelerini ulanyşlaryny kesgitlemek üçin ölçeýji enjamlary oturtmagy talap etdiler.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

7 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 21:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#519)
Indi hemme zat üçin töleg tölemeli bolýarys, bu ölçeýjileriň gurnalyşy hem bize goşmaça çykdajy bolar öýdýän. Göräýeliň, bu zatlar hakykatdanam peýdaly bolarmyka ýa ýönekeý halka agram düşermi?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 13:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#580)
nazaroff, dogry aýdýarsyň, öň ýeňillikler ýatyrylanda kän bir üns berilmändi welin, indi gaz ölçeýjiler bilen hemmämiz has hasaply bolmaly bolarys öýdýän.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 22:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#944)
nazaroff, dogry aýdýarsyň, öňünden hasaplap goýmak hemmämize gowy bolar öýdýän, emma oturdyljak enjamlaryň hili nähilikä?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 00:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1478)
Indi hemme zat pulluk bolýar, gaz ölçeýjilerini hem öz hasabymyza goýdurmaly bolarys öýdýän. Goňşularda näçeräk bolar ekeni, şony bilip görsek gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 05.04.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1939)
nazaroff dogry aýdýarsyň, öňünden hasaplap goýmak köpimiz üçin biraz kyn düşäýmesin diýýärin. Göräýeli, bu täze ulgam nähili netije bererkä.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 19:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2537)
nazaroff, dogry aýdýarsyň, öňler mugtdy welin indi tölegler barha köpelýär. Göräýeli bakaly, bu ölçeýjileri oturtmak üçin hem özümizden çykym çykarmyka diýýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 07:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2584)
nazaroff, şeýle enjamlaryň bahasyny we oturdylýan wagtyny kim töleýärka, şony bilemok welin, gaty uly kynçylyk bolmasady ýagşy bolardy.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...