BMG, ABŞ-nyň kararyna garşy Ierusalym taslamasyny kabul etdi, Türkmenistan ses bermäne gelmedi

+1 ses
265
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 21.12.2017 12:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#100)
Bilişiňiz ýaly, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump 2 hepde öňräk ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusalyma göçürmek we Ierusalymy Ysraýyl döwletiniň paýtagty hökmünde ykrar etmek meýilnamasynyň kabul edip ýörgünlige goýjakdygyny yglan etdi. Muňa Türkiýe dňwleti başda bolmak bilen onlarça döwlet garşy çykyp ýazgarypdy.
Ierusalym yslam, ýewreý we hrystyýan dinleri üçin mukaddes ýerlerden biridir. Şäheriň statusyny üýtgetmek bir tarapdan birnäçe wagtdan bäri dowam edýän Ysraýyl-Palestina gepleşikleriniň bökdelmegine, Palestina döwletiniň gurulmagy hakyndaky tagallalara ýaramaz täsirini ýetirer, beýleki tarapdan bolsa dinlerara çaknyşyga sebäp bolup biler aladalaryny ýüze çykarypdy.
Geçen hepde Birleşen Milletler Guramasy (BMG) öz agzalary bolan 193 döwletlerini 21-nji dekabr 2017-de Ierusalym taslamasyna ses bermäge çagyrdy. Bu taslamada: "Mukaddes şäher Ierusalymyň statusy we demografiki ýagdaýyny üýtgetjek islendik taslama ýa-da resmi kararlar hökümsizdir, ýörginsizdir we bes edilmelidir. Döwletler resmi ilçihanalaryny Ierusalyma göçürmekden daş durmalydyr" diýlip ýazylan.
Ine BMG-nyň bu günki sesleşigine 193 agzadan 172 döwlet gatnaşdy we 21 döwlet gatnaşmady. Gatnaşmadyk döwletler arasynda Türkmenistan hem bar. Bitaraplyk statusy esasynda Türkmenistan bu sesleşigine gatnaşmady diýip oýlaýan.
Bu taslamada 128 döwlet kabul ses berdi, 9 döwlet ret ses berdi we 35 döwlet kararsyz galdy. Şeýlelik bilen Ierusalym taslamasy kabul edildi we Ierusalym Ysraýylyň paýtagty hasaplanylmady.

Sesleşigiň netijelerini şu linkdan görüp bilersiňiz: https://i.hizliresim.com/QprlaV.jpg

Kararsyz galan döwletler: Antigua – Barbuda, Awustraliýa, Argentina, Bahamalar, Benin, Butan, Bosniýa – Gerzogowina, Kamerun, Kanada, Kolombiýa, Horwatiýa, Çehiýa, Dominik, Ekvator Ginesi, Fiji, Haýiti, Wengriýa, Ýamaýka, Kiribati, Litwaniýa, Lesoto, Malawiýa, Meksika, Panama, Paraguaý, Filipinler, Polşa, Romaniýa, Rwanda, Solomon Adalary, Günorta Sudan, Trinidad-Tobago, Tuwalu, Uganda, Wanuatu.

Ret ses beren döwletler: Guatemala, Honduras, Ysraýyl, Marşall Adalary, Mikroneziýa, Nauru, Palau, Togo, ABŞ.

3 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 10:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1330)
Bitaraplyk syýasatymyzy öňe sürüp, şeýle möhüm meselelerde ses bermezligimiz meni biraz oýlandyrýar. Sizce, bu biziň halkara gatnaşyklarymyza nähili täsir eder?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 05.04.2026 17:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1923)
Bitaraplyk diýilse-de, şeýle möhüm meselede ses bermeli diýip hasaplaýaryn. Ýöne syýasat köplenç düşünip bolmajak ýollar bilen gidýär.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 21:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2036)
Bitaraplyk diýilse-de, şeýle möhüm meselelerde Türkmenistanyň sessiz galmagy biraz geň galdyrýar. Görüp otursak, dünýä syýasaty çylşyrymly mesele eken.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (526 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...