Daşary ýurtlardaky talyplara pul ugratmak gaty kynlaşdy

+3 ses
236
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 13.12.2017 15:55 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#96)
Türkmenistan taryhynyň iň agyr ykdysady krizisini tejribe edýär. 2015-de başlan dollar krizisi Türkmen ekonomiýasynyň ähli pudaklarynda giňişleýin duýulýar. Kynçylygyň iň agyryny bolsa daşary ýurtlarda okap yören talyplar çekýär.
Bilişiňiz ýaly ata-eneler daşary yurtlara okap ýören talyp ogul-gyzlary üçin okuw tölegleriniň ýanynda olaryň kwartira kreýleri, iýim-içimleri, geýim-gejimleri we transportlary ýaly birnäçe durmuş we ýaşaýyş çykdaýjylary üçin aýlyk pul ugradýardylar. Bu pullary köplenç Türkmen banklaryndan western union hyzmaty arkaly aýlyk maksimum limit 1000 dollar ugradylýardy.
Soň bu limiti 500 dollara düşüripdiler. Bir mahallar 200 dollara hem düşdi. Birnäçe gün öňräk bolsa bu hyzmat barada has hem täsin bir karar ýörgünlige goýuldy. Bu karara laýyklykda, banklar ata-enelerden çagalarynyň talyp hatlaryny getirmegi soraýarlar. Ýöne bu hata hökmany suratda daşary ýurtlardaky Türkmenistan konsollygynyň "gök" peçadyny goýuldurmak hem şert. Bolmasa kabul edenoklar. Bärde näme täsinlik bar diýýänlere, jogabym 2 täsinlik bar. Birinjisi, daşary ýurtlaryn ählisinde Türkmen konsollygy ýok. Ikinjisi, Türkmenistan konsollygy bolan döwletleriň-de dineje paýtagt şäherlerinde konsollyk bar. Meselem, Türkiýäniň Adana şäherinde okap ýören bir Türkmen talyby okuw hatyna Türkmenistan konsollygynyň peçadyny goýdurmak üçin ýörite paýtagt Ankara ýa-da Istanbula 10-18 sagat maşyn ýoly çekmeli bolýar. Galyberse-de biziň konsollygymyz oçert we beyleki işleriň köplügi sebäpli peçaty şol talap edilen güni goýduryp almak gaty kyn, peçady goýup bermek birnäçe gün wagt alýar.
Ine krizise çözgüt diýip maliye ministrligindäki "professorlaryň" tapan çäresi. Gaty gyzykly zat, tomaşa edip, el çarpaýmaly. Berekella.

6 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 23:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1192)
Hakykatdanam ýagdaý gaty çylşyrymlaşdy, ýaşlarymyzyň we ene-atalaryň çekýän bu azaby hiç kim görmek islemeýär. Konsullyk işleriniň hem şeýle kynlaşdyrylmagy adamda diňe gynanç döredýär.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 21:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1280)
Dogry aýdýarsyň nazaroff, bu ýagdaýlar hakykatan hem adamkärçilikden daşary, daşary ýurtda okaýan talyplar özbaşdak gün görmäge mejbur bolýarlar. Şol konsullyk işlerini ýeňilleşdirip bolmaýarmyka, ýaşlarymyzyň ýollaryny baglamasak gowy bolardy.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1556)
Dogry aydyarsyňyz, bu yagday talyplary we ene-atalary hakykatdan hem agyr yagdaya goydy. Konsullyk işleri bilen bagly kynçylyklar bolsa hasam biynjalyk ediji, gursagyňyzy çigräk bir ýol tapylsa gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 05.04.2026 17:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1924)
Dogry aýdýarsyňyz, bu ýagdaý talyplary we ata-eneleri has hem kyn ýagdaýa salýar. Adamlaryň şol resminama üçin ýola sarp edýän çykdaýjysy hem az däl, bu çärelere näme üçin beýle şert goýýarlar düşünenokdym.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.04.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2407)
Dogry aýdýarsyňyz, bu ýagdaýlar adamy diňe ýadadýar. Çagalaryna kömek etmek isleýän ata-eneleriň çekýän bu azaby hiç hili rehimdarlyk bilen düşündirip bolanok.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 04:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2774)
Bu ýagdaýlar dogrudan hem adamyny gynandyrýar, uzak ýerdäki talyplar üçin bolsa hasam kyn. Konsullyk işleriniň şeýle köp wagt almagy maşgalalaryň we talyplaryň ýüküni iki esse agyrlaşdyrýar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (586 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (349 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...