ABŞ Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän welaýatlarynda YD-a garşy ýörite operasiýa geçirer

+2 ses
195
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 06.12.2017 06:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#91)
ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystandaky ýaragly güýçleriniň komandiri, general Jon Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň ýörite güýçleri we ýeri harbylar ýakyn günlerde Owganystanyň Farýap we Jowuzjan welaýatlarynda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň söweşijilerine garşy harby operasiýa geçirerler.
Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynyň ýaşaýjylary YD söweşijileriniň aktiwleşmeginden alada galýarlar. Şeýle-de olaryň arasynda daşary ýurtly nöker toplaýjylaryň we tälim berijileriň görlendigi aýdylýar.
Nikolsonyň sözlerine görä, bu sebitdäki söweşijiler daşarky kanallar arkaly maliýeleşdirilmekden, goldawdan kesildi we öz ýolbaşçylarynyň täzelenmegi zerarly kynçylyk çekýärler.
Şeýle-de, generalyň sözlerine görä, ABŞ Yrakdaky we Siriýadaky YD söweşijileriniň Owganystana geçirilendigi barada hiç bir tassyknama almady we Owganystandaky toparlaryň hatarynda “Özbegistanyň Yslam hereketine” eýerijiler, şeýle-de Pakistan “Talybanynyň” agzalary söweşýär.

14 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 21.05.2026 03:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5482)
Bu ýagdaýlar biziň serhedimiziň howpsuzlygyna nähili täsir ederka? Arkaýyn ýaşamak üçin parahatçylyk bolsady ekeni.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.05.2026 12:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5954)
Bu ýagdaýlar bizi hem gaty biynj-gysýar, serhetde asudalyk bolsa bolardy. Göräýeli, bu operasiýadan soň ýagdaý gowulaşarmyka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.06.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6409)
Serhetlerimizdäki ýagdaý hemişe alada galdyrýar, umyt edýärin şol operasiýalar netije berer. Bizde hem ýagdaýlar gözegçilik astyndadyr öýdýärin, ýöne bar bolan maglumatlar üçin sag bol.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 04.06.2026 07:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6592)
Wagtymyz näme bolarka, dogrymy aýtsam, serhet ýakyn bolansoň gaty aladalandyrýar. Gowy bolar ýaly umyt edýärin, ýöne ýagdaý çylşyrymly görünýär.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (257 oçko)
  2. merdan96 (226 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...