Prezident Berdimuhamedow gaz-elektrik-suw-duzuň mugt peýdalanmagyň ýatyrylýandygyny aýtdy

+1 ses
201
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 12.10.2017 08:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#75)
9-10-njy oktýabrda 2017-de geçirilen Ýaşulylar Maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhammedow elektrikden, gazdan, suwdan we duzdan peýdalanmagy ýuwaş-ýuwaşdan tölegli etmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Prezident Türkmenistanda ýyldan-ýyla ilatyň girdejisi ýokarlanýandygyny, uly möçberde iş orunlary döredilendigini we bu ýagdaý Türkmenistanyň Garaşsyzlygyndan bäri döwlet tarapyndan mugt berlen sosiýal ýeňillikleriň ýatyrylmagyna hem-de tölegli edilmegine mümkinçilik döredýändigini aýtdy we bu karara gol çekdi. oňa laýyklykda 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan;
Tebigy Gazyň bahasyny goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda şu möçberlerde bellemeli:
a) Telekeçilik işi bilen meşgullanmaýan Türkmenistanyň raýatlary üçin mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 20 manat;
b) Türkmenistanyň çäginde ýaşamaga hukuk berýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen resminamasy bolan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we bosgunlar üçin sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 20 manat;
ç) Daşary ýurt maýa goýumy gatnaşýan kärhanalardaky daşary ýurt maýadarlarynyň paýy hem-de Türkmenistanyň çäklerinde abatlaýyş-gurluşyk işlerini daşary ýurt pulundaky şertnamalar boýunça amala aşyrýan potratçy gurluşyk kärhanalary üçin sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 50 amerikan dollary;
d) Ýaşaýyş we beýleki käbir zerurlyklar üçin ilata mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän suwuklandyrylan gazyň 1 kg üçin – 20 teňňe.

Elektrik energiýasynyň bahasyny goşulan baha üçin salgyt hasaba alynmanda şu möçberlerde bellemeli:
a) Býujetden maliýeleşdirilýän we olar bilen deňleşdirilen ýuridik şahslara 100 kWt sagady üçin – 3,31 manat;
b) Döwlet eýeçiligine degişli hojalyk hasaplaşygyndaky ýuridik şahslara, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslara we telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslara 100 kWt sagady üçin – 6,28 manat;
ç) Türkmenistanyň çäginde ýaşamaga hukuk berýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen resminamasy bolan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara we bosgunlara 100 kWt sagady üçin – 2,17 manat;
d) Daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, öz işini Türkmenistanda bellige alnan wekilhanasynyň we şahamçasynyň üsti bilen amala aşyrýan ýuridik şahslara 100 kWt sagady üçin – 3,58 amerikan dollary;
e) Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna we şol döwletleriň döwletara, hökümetara, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryna, şeýle hem döwletara, hökümetara, halkara guramalaryna, olaryň Türkmenistandaky şahamçalaryna we hemişelik wekilhanalaryna 100 kWt sagady üçin – 3,31 manat;
f) Telekeçilik işi bilen meşgullanmaýan Türkmenistanyň raýatlaryna mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän elektrik energiýasynyň 100 kWt sagady üçin goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda – 2,50 manat.

Guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, kärhanalar tarapyndan fiziki şahslara edilýän ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny şu möçberlerde bellemeli:
a) 1 aýda suwdan mugt peýdalanmagyň möçberinden artyk peýdalanylan 1 m3 üçin – 50 teňňe;
b) 1 aýda 1 inedördül metr ýaşaýyş meýdany üçin – 50 teňňe;
ç) 1 aýda 1 inedördül metr ýaşaýyş meýdanyny ýylatmak üçin – 10 teňňe;
d) 1 aýda 1 adam üçin lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça hyzmatlar üçin – 40 teňňe;

Prezidentimiz bu mugt berilýän sosiýal ýeňillikler barada öň hem 2016-njy ýylyň aprelinde ýeňillikleriň “özüni ödemeýändigini” we “bazar ykdysadyýetine geçilmegine päsgel berýändigini” aýdyp geçipdi. Ýadyňyza düşýän ýolsa prezidentimiz 2017-nji ýylyň iýun aýynda mugt gaz-elektrigin adalatsyz paýlanýandygyny, olaryň tölegli sistema geçirilip diňeje güýji ýetmejek ilatlara mugt berilmelidigini şu sözler bilen aýdypdy:  “Ýeňillikleriň hemmelere bir gyradeň berilmeli däl, eger kimde-kim hakykatdan hem sosiýal kömege mätäç bolsa, diňe şolara berilmeli”.
Şondan soňra ýurduň ýaşaýjylaryndan hemme ýerde suw ölçeýji enjamlary oturmak  we 2016-njy ýyl üçin suw üpjünçiligi tölegini edinmek barada dokumentleri talap edip başlanypdy.

Mundan başga-da bu kararda aşakdaky hyzmatlaryň hem bahalary kesgitlenildi:
Ýolagçylary şäher ugurlarynyň wagty bellenen ýolagçy gatnawy düzgüninde awtobusda gatnatmak boýunça hyzmatlaryň bahalaryny:
a) Bir gezeklik ýol petegi üçin – 50 teňňe;
b) Pensionerlere bir aýlyk ýol petegi üçin – 1 manat;
ç) Mekdep okuwçylaryna bir aýlyk ýol petegi üçin – 2 manat;
d) 1 aýda telefon üçin abonement tölegini goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda – 1 manat.

6 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 27.03.2026 00:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1025)
Bu karardan soň suw ölçeýjileri oturdyp ýetişmediklere biraz kyn boljak öýdýärin. Görüp otursak, hemme zat üýtgeýär, emma durmuş dowam edýär-dä.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 06:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1314)
DrWaltBishop, dogry aýdýarsyňyz, bu ýagdaý hemmämiziň durmuşymyza uly täsir etdi. Indi tygşytly bolmakdan başga alaç ýok, öýde hemişe yşyklary öçürip ýöremeli bolýarys.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 00:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1570)
Bu zatlaryň hemmesiniň tölegli bolmagy öý hojalygy üçin uly çykdajy bolar öýdýärin. Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz, maşgala býujetine nähili täsir eder?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 04:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2479)
Wah, şol günler ýadyma düşýär, köp zat üýtgedi. Indi tölegler barada başagaý bolup ýörmeli däl, hemme zady öz wagtynda töläp ýörelseň bolýar welin, ýene-de öňki mugt döwürleri ýatlaýan.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 10:37 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2596)
DrWaltBishop, dogry aýdýarsyňyz, bu ýagdaý hemmämize täsir etdi, ýöne indi ýönekeý ilat hökmünde tygşytly bolmakdan başga alaç ýok öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 18.04.2026 22:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2920)
Bu kararlar durmuşymyza köp üýtgeşiklik getirdi, indi suw we tok üçin öňküden has seresaply bolmaly bolýarys. Siz bu täze tölegleriň hojalygyňyza näçeräk täsir edendigini duýduňyzmy?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (584 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (349 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...