DV-2019 ABŞ Green Card lotereýasy 3 Oktýabr 2017-de başlap 7 Noýabra 2017-ä çenli dowam eder

+1 ses
570
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Umumy Maglumat | 08.10.2017 17:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#72)
Her ýyl bolşy ýaly bu ýyl hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ) bütin dünýäde Green Card lotereýasyny başlatdy. Amerikan hökümeti Resmi Migrassiýa gullugy tarapynda neşredilen resmi beýannama görä Green Card ýüz tutmalary 3-nji Oktýabr 2017 Sişenbe güni başlap 7-nji Noýabr 2017-ä çenli dowam etjekdigi yglan edildi. Ýöne tehniki sistema näsazlyklardan ötrin ýüzlenmeler 18-nji Oktýabrda başlady, şonuň üçin hem ýapylyş 22-nji Noýabr diýip yglan edildi.
 
Bu lotereýa kimler gatnaşyp biler we şertleri näme?
1) DV 2019 lotereýasyna gatnaşmak üçin resmi beýannamada agzalan döwletleriň birinde doglan bolmalysyňyz. Bu döwletler arasynda Türkmenistan hem bar.
Eger-de agzalan döwletleriň birinde dogulmadyk bolsaňyz, onda ýa maşgala ýoldaşyňyz ýa-da ata-enäňiziň biri şol agzalan döwletleriň birinde doglan bolmaly.
2) Bilim derejäňiz iň pesinden mekdep-lisseý derejesinde bolmaly. Ýagny iň pesinden mekdep-lisseý diplomyňyz bolmaly.

Bu iki şerti ýerine ýetiren her kim bu lotereýa gatnaşyp Green Card-a ýüz tutup biler. Ýüz tutan wagtyňyz şulara gaty üns beriň:
-DV formuny onlaýn doly dolduryň
-Her ýyl bir adam üçin bir gezek forum dolurylmaly. Bir adam üçin iki gezek doldurmaň.
-Maşagalaly bolanlar aýal/äriniň hem maglumatlaryny girizmeli, ýoldaşynyň adyna hem aýratyn ýüz tutmakda peyda bar.
-Ýörgin e-poçta adresi we telefon nomer ýazylmaly
-Foto suratyňyz resmi beýannamalarda bellenişi ýaly bolmaly. Surat soňky 6 aý içinde düşürilen bolmaly, Hili 300 dpi, 24-bit reňkli, Möçberi 600x600, Agyrlygy 240 kb-dan az bolmaly. Suratda gözler açyk, äýneksiz, düz profil, arka fon ak ýa-da bir reňkde bolmaly. Hiç hili fotoşop montaž ýa-da hile-galplyk bolmaly däldir.
Bu şertleriň we maddalaryň birinde ýörginsizlik bolsa, sistema sizi awtomatiki diskalife edýär. Unutmaň, ABŞ bu şertler barlag we derňewde iň ýokary tehnologiýalary ulanýar. ABŞ-nyň resmi statistikalaryna görä her 10 ýüzlenişleriň 7-si diňeje fotosurat barlaglarynda şowsyz bolup sistema tarapynda awtomatiki diskalife edilýär.

Netijeler haçan belli bolýar?
Forumy dolduryp ugradanyňyzda sistema size bir tassyknama nomeri berer. Şol tassyknama nomerini bir ýere belläp goýuň hiç ýitirmäň. Sebäbi netijeler 5-6 aý soň yglan edilende size şol tassyknama nomeri gerek bolar. Eger-de sistema sizi saýlamadyk bolsa, onda ABŞ daşary işler ministrliginden size saýlanmadyňyz diýip ýörite habarnama/hat gelmez. Ýüzlenişiňiziň statusyny öwrenmek üçin Ýüzleniş Status Barlag sahypasyny ulanmalysyňyz. DV 2019 lotereýa netijelerini 1-nji Maý 2018 we 30-njy Sentýabr 2019 taryhlary arasynda barlap bilersiňiz. Barlag sahypasy bu lotereýa netijesinde Green Card  üçin hak gazanyp gazanmadygyzy görkezjek ýekeje we resmi ýerdir. Eger-de hak gazansaňyz size migrassiýa wiza işlewleriniň nähili ediljekdigini görkezýän maglumatlar ýene şol DV barlag sahypada beriler.

Bu lotereýa tötänleýin mugtdyr. Eger-de kim-de biri sizden bu ýüzleniş hakynda pul sorasa onda ol adamyň galplyk edýänligini biliň!

RESMI ÝÜZLENIŞ URL SALGYSY: https://www.dvlottery.state.gov
DV-2019 ÝÜZLENIŞ INSTRUKSIÝASY: https://travel.state.gov/content/visas/en/immigrate/diversity-visa/instructions.html
FOTO SURAT BARLAG URL SALGYSY: https://travel.state.gov/content/visas/en/general/photos.html

8 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 20.03.2026 19:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#510)
Maglumat üçin köp sag bol, gaty peýdaly tema eken. Men geçen ýyl synanyşypdym, ýöne entek çykmady, bu ýyl ýene bagtymy synap görerin diýýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 02:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1299)
Maglumat üçin köp sag bolun. Men geçen ýyl hem synanyşypdym, ýöne bu gezek surat meselesine has seresaply çemeleşmeli bolaryn öýdýän.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1748)
Maglumat üçin köp sag bol! Menem birnäçe ýyl bäri synanyşýaryn, ýöne heniz bagtym ýylgyrmady, ýene bir gezek synanyşyp görmeli öýdýän.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 17:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2173)
Maglumat üçin köp sag bol! Menem şu ýyl synanyşyp görmegi pikirlenýän, göräýeli näme bolar.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 11.04.2026 20:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2445)
Maglumatyňyz üçin köp sag boluň, bu ýyl ýene gatnaşyp görjek. Fotosurat meselesi hakykatdan hem kynrak, kän adam şol ýerden ýalňyşýar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 14.04.2026 03:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2651)
Maglumatlaryňyz üçin köp sag boluň, geçen ýyl köp adam surat meselesinde ýalňyşyp diskalife boldy. Bu gezek gatnaşjaklara şowlulyk arzuw edýärin, göräýeli indi kimlere miýin bu ýyl kimlere ýylgyrar.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 16.04.2026 21:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2746)
Sag bol DrWaltBishop, maglumatlar üçin minnetdar, ýöne bu ýylky surat talaplary ýene kynlaşan ýaly gelýär maňa. Görýän, köp adam surat sebäpli diskalife bolýar diýip ýazypdyrlar, bu barada has giňişleýin maslahatyňyz barmy?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2764)
Maglumat üçin köp sag bol! Menem öňki ýyllar tabşyrypdym, ýöne henizem çykmady, göräýeli bu gezek näme bolar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (586 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (349 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...