saç saglygy we şampunlardaky himiki maddalar

+6 ses
387
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Saglyk | 20.09.2017 07:06 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#63)
Adam saçyň 88%-i proteýinlerden 12%-i bolsa suwdan ybarat. Diňeje şu maglumatda seredimizde, saça zeper ýetirip biljek maddalar ýa proteýin düzümine ýa-da suw düzümine zeper ýetirýän bolmaly. Şuňa görä:

1 - PROTEÝIN DÜZÜMINI GOWŞADÝAN SEBÄPLER: (skobkada täsirlik derejesi görkezilýär)
(95%)  Pes derejede iýim içim (Proteýinli iýmitleri ganymat iýmezlik)
(85%)  Ukysyzlyk (8 sagatdan az uklamak)
(70%)  Tertipsiz Uky (gije 23 - ir 8 arasy tertipli uky hasaplanylýar)
(70%)  Spreý, Gel we Şampunlardaky himiki maddalar
(30%)  Tertipsiz naharlanma (wagtly wagtynda nahar edinmezlik)
(20%)  Aşa köp jynsy gatnaşyklar (bedenden zyňylýan meniniň diňe 10%-i spermden ybarat, galan 90%-i bolsa enzimler, С witamini, kalsiýum, proteýin, sodýum, çinko, suw, sitrik asit we fruktoz ýaly maddalardan ybarat)

2 - SUW DÜZÜMINI GOWŞADÝAN SEBÄPLER: (skobkada täsirlik derejesi görkezilýär)
(90%)  Spreý, Gel we Şampunlardaky himiki maddalar
(85%)  Ganymat suw içmemezlik (1 adam günde ortaça 2 litr suw içmeli)
(45%)  Saç guradyjy ulanmak
(40%)  Aşa gün şöhlesi (günde 15 minutdan köp bolsa)
(10%)  Aşa köp jynsy gatnaşyklar (bedenden zyňylýan meniniň diňe 10%-i spermden ybarat, galan 90%-i bolsa enzimler, С witamini, kalsiýum, proteýin, sodýum, çinko, suw, sitrik asit we fruktoz ýaly maddalardan ybarat)

BELLIK: uzyn we gysga saçlara üçin suw we proteýin düzümi tapawutlanýar. Saç uzyn bolsa onda proteýin we suw düzüminiň möçberi köpräk bolýar. Saç näçe gysga bolsa şonça proteýin we suw talaby az bolýar.

Ýokarda görşümiz ýaly köp punktlary sazlamak adamzadyň öz elinde uky bolsun naharlanma bolsun bular belli bir tertibe salyp bolar. Emma şampunsyz saçymyzyň arassalygyny sazlamak mümkin däl. Ýöne köp şampunlaryň düzüminde saçymyzyn proteýin we suw düzümini gowşadýan himiki maddalar bar. Şampunlarda ulanylýan aşakdaky maddalar saçymyza zyýanlydyr:

1) In Zyyanly Himiki Maddalar:
- Sodium Lauryl Sulfate (SLS)
- Sodium Laureth Sulfate  (SLS)
- Sodium Lauryl Ether Sulfate (SLES)
- Ammonium Laureth Sulfate (ALS)
- Magnesium Laureth Sulfate (MLS)
- Sodium Xylene Sulfonate  (SLS maddalaryny suwda aňsat we tiz çözmek üçin goşundysy, zäherlidir)
- Paraben (Silikonly Saklayyjydyr, Şampunlaryň uzyn wagtlap bozulman durmagy üçin ulanylýar)

SLS-ler nebitden alynýan sentetiki himiýadyr we esasan arassalaýyjy paraşoklarda ulanylýar. Şampunlarda bolsa dezenfektasiýa we köpüklenme üçin ulanylýar. Bedene degenden 1-2 minut içinde emilýär we organlarymyza garyşýar. Saçlardaky suw düzümini peseldip gury galmasyna sebäp bolýar. Beýin we Nerw sistemamyza täsir edip biler.

2) Az we Ortaça Zyýanly Himiki Maddalar:
- Cocamide MEA (SLS bilen birleşende zyýanly, köpük artdyryjydyr)
- Cocamide DEA (SLS bilen birleşende zyýanly, köpük artdyryjydyr)
- Cocamide TEA (SLS bilen birleşende zyýanly, köpük artdyryjydyr)
- Dimenthicone (Silikonly Polymerdir. Saçyn ýumşadylmasy, janlanmasy, parlamasy üçin ulanylýar. Uzun wagt saçda galmasy zyýanly)
- Formaldehit (Ys aýyryjy, ýanyjy gazdyr, Bakteriýalary öldürmek üçin ulanylýar)
- Sodium Benzoate (Duz, Bakteriýalary öldürmek üçin ulanylýar)
- Tetrasodium  EDTA (Agyr metallarday kirleriň aňsatlyk bilen pozulmagy üçin ulanylýar)
- PEG-60 (nebitden alynýar, deriniň goranyş sistemasyny azaldýar)
- DMDM Hydantoin (Formaldehit goşundysydyr, Bakteriýalary öldürmek üçin ulanylýar )
- Benzyl Salicylate (Hoş floral ys berýär, ýöne alerjiýa döredip biler)
- Hexyl Cinnamal (sentetiki parfumdyr, hoş ys berýär welin alerjiýa döredip biler)
- Butylphenyl Methylpropional (sentetiki parfumdyr, hoş ys berýär welin alerjiýa döredip biler)
- Propylene Glycol (Suw emiji sentetiki maddadyr, Beýleki himiki maddalary suwda çözmek üçin ulanylýar)


Günümizde şampunlaryň 90%-inde ýokardaky SLS maddalary bardyr. SLS-siz şampun tapmak kyn bolsa-da, saçymyzyň saglygy üçin himiki düzümi az şampunlary ulanmalydyrys. Mundan başga-ga eger saç gysga bolsa hepdede 1 gezek, uzyn bolsa hepdede 2 gezek şampun bilen ýuwmaly. Şundan köp bolsa ýene zyýanly bolýar, sebäbi himiki düzümsiz şampun ýokdyr. Her gün her gün saçymyza himiki madda ulansak ýokarda aýdyşym ýaly proteýin düzümi gaty ejizlär we gowşar.

Spreý we Gel barada hiç aýtmadan gerek ýok. Olar durşy bilen zyýanly himiki maddadan ybarat. Ulanmasam bolanok diýýänlere, maslahatym spreý 1 meter uzaklykdan sepilmeli, ýöne näçe az bolsa şonça gowy. Spreý saçymyza ýapyşyp olaryň howa almagyny azaldýar we düzümindäki himiki maddalar saçymyzda durdugyça (3-4 sagatdan köp) saçymyzyň şekline, suw we proteýin düzümine göni zeper berýär. Gel bolsa hasam betterräk. Gel saçymyzyň üstüne we düýbine çalnany üçin olaryň howa kanallarynyň hemmesini doly gulplaýar. Gellerdäki himiki maddalar bolsa käte spreýlerdenem erbet bolup biler.

17 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 09.05.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4424)
Maglumatlaryňyz üçin köp sag boluň, dogrusy şampunlaryň düzümi barada beýle jikme-jik oýlanmandym. Häzir şampunymyz şol sanawdaky maddalary öz içine alýarmy ýa ýok diýip barlap görmeli boldum.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 13.05.2026 06:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4795)
Maglumatlaryňyz üçin köp sag boluň, dogrusy men şampunlaryň düzümine hiç üns bermän ekenim. Indi şampun alanyňda hökman üstüni okap, himiki maddasy az bolanlaryny saýlap almaly ekenim.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.05.2026 21:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5746)
Maglumatlaryňyz üçin köp sag boluň, dogrusy şampunlaryň düzümi barada mundan çuňňur hiç pikir etmändirin. Indi dükana baranymda şol sanawdaky maddalar barmy ýokmy diýip, hökman yzyny okaryn.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.05.2026 14:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5813)
Maglumatlaryňyz üçin köp sag boluň, dogrusy men hem şampunlaryň düzümi barada kän pikir etmeýärdim. Indi alýan şampunymyň üstündäki düzümine üns berip başlamaly ekenim.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 29.05.2026 02:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6010)
Sag bol DrWaltBishop, maglumatlaryň gaty gyzykly eken. Menem köp wagt bäri şampunlary çalşyp ýörün, ýöne häzirki zaman şampunlarynda bu maddalaryň bolmazlygy diýseň kyn bolýar.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 30.05.2026 11:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6137)
Maglumatlaryňyz üçin köp sag boluň, dogrusy şampunlaryň düzümi barada mundan öň beýle içgin oýlanmandym. Men hem soňky wagtlarda saçymyň gurap başlandygyny duýýardym, indi düzümine has ünsli çemeleşmeli boljak.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.06.2026 21:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6554)
Maglumatyňyz üçin köp sag boluň, dogrusy şampunlaryň düzümi barada mundan öň hiç pikir etmändirin. Indi dükana baranymda hökman daşyndaky düzümi barlap görerin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. bet-turkmen (102 oçko)
  2. nazaroff (102 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...