Barak Hüseýin Obama

+6 ses
87
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Biýografiýa | 14.11.2018 11:50 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#211)
ABŞ-nyň 44-nji prezidenti Barak Hüseýin Obama (4 Awgust 1961) — Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentidir (2009-2017). Ol 2008-nji ýylyn 4-nji noýabrynda bolup geçen saýlawda Amerikanyn 44-nji prezidenti saýlandy we prezidentlik wezipesini Jorj Buşdan aldy. 2012-nji ýylyň 6njy noýabrynda ol dalaşgär Mit Romni bilen bolan saýlawda ikinji gezek Amerikanyň prezidenti bolmagy başardy. Ol Amerikanyň ilkinji garaýagyz prezidentidir.

Durmuşy:
Ol Amerikanyň Gawaý ştatynyň Gonolulu şäherinde 1961-nji ýylyň 4-nji awgustynda doguldy. Özi bilen bir ada eýe bolan kakasy keniýaly ejesi Ann Dunham bolsa Amerikalydy. Obama heniz 2 yaşyndaka onyň ejesi we kakasy aýrylyşdylar we kakasy Bostondaky Garward uniwersitetinde doktorlyk derejesini aldy we keniýa yzyna dolandy. Ejesi bolsa okamaga gelen bashga bir talyp bilen ikinji gezek durmuş gurdy, Obamanyň kakasy hem öweý kakasy hem dine ähmiyet bermeýän musulmanlardandy.
Ejesi we kakasy bilen Indonezýa göçen Obama Jakartada başlangyç bilim aldy we soňra yene Gonoluluwa gaydyp gelen Obama 1979-njy ýylda orta bilimi gutaryancha ejesi we babasy bilen ýaşady. Ol 1983-njı ýylda Nýu-Ýorkdaky Columbia uniwersitetiniň syýasy bilimler bölüminden uçurym boldy. 1988-nji ýylda Garward uniwersitetiniň hukuk fakultetine girdi. Garward uniwersitetinde talyp mahaly talyplar tarapyndan ýöredilýän "Harvard Law Review" zhurnalynyn ilkini afro-amerikan baş dolandyryjysy boldy. 1991-nji ýylda aklawjy diplomyny aldy.
Obama 1989-njy ýylda Mişel Robinson bilen tanyşdy. 03.10.1992-nji ýylda öýlendi. Aýaly Mişel Obama 1964-nji ýylda doglan we ol hem Garward uniwersiteti hukuk fakultedi uçurymydyr. Barak Obama protestant hristýandyr.
Barak Obama 1992-2004 ýyllary aralykda çikago uniwersiteti hukuk fakultetinde talyplary okatdy, aklawjy bolup işledi we haýyr-sahawat işlerine gatnaşdy. Ol 1996-njy ýylda Illinois ştat senaty saylandy we syýasata tarap ilkinji ädimini ätdi, ol muny 1998 we 2002 ýyllarynda gaýta saýlandy.

2008-nji ýyldaky saýlaw:
Bu saýlawda ABŞ demokratik partiýasynda Obamadan başga Hillary Clinton, John Edwards, Joe Biden, Christopher Dodd we Bill Richardson ýaly birnäçe dalaşgärler hem gatnaşmakçydy. Her partiýadan gatnaşjak dalaşgarler her ştatda bashga bashga wagtda bolup gechyan saylawlar bilen kesgitlenyardi. 2008 yylbaşynda demokratik partiya dalaşgarlerinden Hillary Klinton we Obamadan başga ahli dalaşgarler çekildi. 2008-nji ýylyň 5-nji iyulynda Obama demokratik partiýa dalaşgari yglan edildi. Barak Obama 28-nji awgustda dalaşgarligi kabul etdi. Indi Amerika özünin ilkinji garayagyz prezidentini gormeginde onündaki yekeje böwet bardy, Jon Makkeýn: respublikan partiýa dalaşgäri. Bu iki dalaşgär 26-njy oktýabra çenli 3 gezek telewizorda görüşdiler. 4-nji noýabrda bolan saýlawda Obama sesleriň 52%sini almak bilen ilkinji garaýagyz prezident boldy. 2012-nji ýylda ol Mit Romniden üstün çykyp ikinji gezek prezidentlige saylandy.

9 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 19:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#700)
Barak Obamanyň durmuş ýoly hakykatdan hem täsirli, esasanam onuň Garwardda okap, şeýle derejelere ýetmegi ýaşlar üçin gowy görelde uly görelde uly görelde uly höwes döredýär. Sizçe häzirki syýasatda onuň ýaly özgerişlik getiren liderler barmyka?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 07:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#749)
Obama hakynda gyzykly maglumatlary paýlaşanyňyz üçin sag boluň. Onuň syýasy ýoly barada köp zat öwrendim, ýöne sizçe häzirki wagtda dünýä syýasatynda oňa meňzeş täsirli lider barmy?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 18:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#932)
Obamanyň terjimehaly hakynda gyzykly maglumatlar eken, öňem köp zat eşitýärdim welin, Garwarddaky taryhy barada ilkinji gezek okadym. Görşümize görä, syýasatda ýokary derejelere ýetmek üçin gerçektenem uly zähmet gerek bolupdyr.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 07:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1221)
Barak Obama hakynda gyzykly maglumatlary paýlaşandygyň üçin sag bol. Onuň şeýle kyn ýollar bilen ýokary derejä ýetmegi hakykatdan-da haýran galdyryjy, pikir edýärsiňmi?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 15:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1439)
Obamanyň terjimehaly hakynda gyzykly maglumatlar eken, sag bol. Onuň syýasy ýoly hakykatdan-da köp adama täsir galdyran bolmaly.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 09:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1607)
Sag bol gyzgyn, bu maglumatlaryňy okamak örän gyzykly boldy. Hakykatdanam Obama öz döwründe dünýä syýasatynda uly yz galdy galdyran şahsyýetleriň biri, ýöne sizce häzirki amerikan syýasaty öňküden üýtgedimi?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 11:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1612)
Obamanyň terjimehalyny gyzykly ýazypdyrsyňyz, köp täze maglumat öwrendim. Şol döwürler dünýä syýasaty barada köp gürrüň edilýärdi, ýadyňyzdamy?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1768)
Barak Obamanyň ömri hakynda gyzykly maglumatlar eken, okap çykdym. Şeýle ägirt uly döwletiň başyna geçmegi çyndanam uly taryhy waka boldy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2635)
Sag bol gyzgyn, bu maglumatlar üçin. Obamanyň syýasy ýoly hakykatdanam örän gyzykly, ýöne ol döwürdäki wakalar ýadyma düşdi. Sizçe häzirki ABŞ syýasatynda öňki prezidentleriň täsiri bar diýip pikir edýärsiňizmi?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (586 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (349 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...