17 Awgust Gawun baýramy

+3 ses
211
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 18.08.2017 06:50 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#21)
Türkmenistanda dün 17-nji awgustda Gawun baýramyny bellenip geçildi. Bu baýram her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä ylmynda bellige alnan gawunyň 1600 görnüşiniň 400 naýbaşy görnüşi türkmen topragynda ýetişdirilýär. Gawunlaryň şunun ýaly dürli görnüşleri bakjaçylaryň her bir täze nesli tarapyndan artdyrylýar, olar halk seçgiçileriniň, şeýle hem häzirkizaman ylmynyň tejribesine daýanyp, gawunyň täze görnüşlerini döredýärler.
Türkmen topragynda gawunyň irki, çalt ýetişýän, tomus ýetişýän, güýz-gyş pasyllary ýetişýän hem-de gyş gawunlary: waharman, gülaby, garrygyz, akmaral, samça, handälek, ak gürbek, gara gürbek we köpsanly beýleki görnüşleri ýetişýär. Örän süýji tagamly, hoşboý ysly, torly türkmen gawunlarynyň datly tagamyny bir gezek dadanlar ony unutmaýarlar – olar türkmen halkynyň milli baýlygy hem buýsanjydyr. Türkmen gawunlary aýratyn tagamy bilen tapawutlanýar, ol agzyňda ereýär diýip aýdýarlar.
Türkmen gawunynyň baý taryhy bar. Ony gadym döwürlerden bäri Amyderýa, Murgap, Tejen derýalarynyň ugrundaky ýaýlalarda ýetişdiripdirler. Gadymy Merwde we Köneürgençde geçirilen gazuw işlerinde ýüze çykarylan gawunlaryň tohumlary bu künjeklerde gadymy döwürlerde bakjaçylygyň ösendigine şaýatlyk edýär. Bu tagamly bakja önümini Türkmenistandan Beýik Ýüpek ýoly boýunça Ortaer deňziniň kenarlaryna, kerwenler bilen Uralyň hem-de Wolganyň aňyrsyndaky çäklere ýetiripdirler. Gawun gadymy greklere we rimlilere hem belli blupdyr. Ol arap halyflarynyň, hytaý imperatorlarynyň, hindi, eýran we ýewropa şalarynyň saçagyny bezäpdir.
Gadymy tebipler dürli keselleri bejermek üçin gawun iýmegi salgy beripdirler. Türkmen topragynda ýetişdirilýän tagamly gawunlar ähli döwürlerde hem belli alymlaryň, taryhçylaryň hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Gadymy ýazuw çeşmeleri türkmen gawunynyň tagamy baradaky öwgülere baýdyr. Gawun bilen türkmenleriň gadymy halk dessurlary, hekaýatlary, rowaýatlary we ertekileri baglanyşyklydyr.
Gawuny “bakjanyň soltany” diýip mynasyp atlandyrýarlar, ol datly tagamy, ýokumly hem-de bejeriji häsiýetleri, şeýle hem adam bilen tebigaty birleşdirýän, günüň jomart çogündan döreýän altyn öwüşgünli iýmit hökmünde-de bu derejä mynasypdyr.

17 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 04.05.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4094)
Hakykatdan hem türkmen gawunynyň tagamyna ýetip bolmaýar, aynaltyk Waharman gawunynyň ysy özünden öň gelýär. Bu ýyl bazarlarda gawunlar geçen ýylkyndan has süýji ýaly, siz dadyp gördüňizmi?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 14.05.2026 01:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4833)
Wah, gawun diýseň, birden içim çekdi! Şu ýylky waharmanlaram juda süýji bolupdyr, siz dadyp gördüňizmi?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 14.05.2026 22:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4907)
Mergen, dogry aýdýarsyň, bizim gawunlaryň ysy hem tagamy hiç ýerde ýok. Şu ýylam waharman gawunyndan bir dadaly, örän süýji ekeni, ýadymdan çykanok!
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 15.05.2026 06:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4938)
Waharlar baýramyňyz gutly bolsun! Dogrudanam, türkmen gawunynyň ýoklugy dünýäde başga ýerde ýok, öýümizdäki gülaby gawunynyň ysylaryny ysgap oturan ýaly boldum.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 01.06.2026 18:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6353)
Hawa, biziň gawunlarymyza ýetýäni ýok, waharman gawunyň dadyna bolsa hiç zat ýetmeýär. Ýaňy ýakynda bazardan alan gawunymyz hem örän süýji çykdy, tomus günleriň datly nygmatlaryna doýup bolanok.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 04.06.2026 05:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6585)
Waharman gawunynyň ysyny duýanymda başga hiç zat gözüme görünmeýär, hakykatdan hem bakjanyň şasy. Şu ýyl gawun hasyly nähili boldy, kimlerde datly gawun çykdy?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.06.2026 12:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7175)
Wah, gawun diýseň, birden içiň sowap gitdi! Şu ýylky waharmanlaram geçen ýylkydan beter süýji çykdy, ýylyňyz düşümli bolsun.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (260 oçko)
  2. merdan96 (226 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...