[UEFA SUPER KUBOK 2018] Ronaldosyz Real Madrid super däl eken

+2 ses
216
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 18.08.2018 13:26 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#181)
UEFA-nyň iki uly ýaryşynyň – Çempionlar we Ýewropa ligalarynyň ýeňijileriniň özara duşuşygy bolan UEFA Super Kubogy oýnunda Madridiň iki topary “Real” bilen “Atletiko” duşuşdy. Estoniýanyň paýtagty Tallindäki “A Le Coq Arena”-da oýnalan oýna “Atletiko” gol bilen başlady. Ronaldosyz meýdança çykan “Real Madrid” eýýäm 1-nji minutda toruna gol geçirtdi. 49-njy sekuntda sag gapdaldan ýerine ýetirilen hüjümde Diego Kosta hasaby açdy. Oýnuň 26-njy minutynda Garet Beýliň owadan pasyndan soň, Karim Benzema hasaby deňledi. 62-nji minutda jerime meýdançasynda top Huanfranyň eline degeninden soň, polşaly emin Simon Marçiniak penalti nokadyny görkezdi. Serhio Ramos bolsa, 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi. 79-njy minutda sag gapdaldan amala aşyrylan hüjümde Anhel Korreanyň pasyndan soň, ýene-de Diego Kosta tapawutlandy. Duşuşygyň esasy wagty 2–2 deňlikde tamamlandy. Goşmaça 30 minutda-da “Atletiko Madrid” 2 gol geçirip, kuboga mynasyp boldy. 98-nji minutda Tomas Parteýiň beren topuny jaýdar uran Saul Niges hem-de 104-nji minutda Koke tapawutlanyp, “Atletiko” toparyna ýeňiş getiren oýunçylar boldy. Galan 15 minutda-da “Real Madridiň” hasaby deňlemek üçin eden tagallasy oňyn netijesini bermedi. Şeýlelikde, “Atletiko Madrid” 2010-njy we 2012-nji ýyllardan soň, 3-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazandy. Mundan ozal bu kubogy umumylykda 4 gezek alan “Real Madrid” yzly-yzyna 3 sapar eýelän ilkinji topar bolmak mümkinçiligini elden giderdi.
* Diego Kostanyň oýnuň 49-njy sekundynda geçiren goly Super Kubogyň taryhyndaky iň çalt gol diýlip hasaba alyndy.
*“Atletiko Madrid” ilkinji gezek final duşuşyklarynda “Realyň” torundan 4 pökgi geçirdi.
* Ilkinji gezek bir şäheriň iki wekili UEFA Super Kubogy duşuşygynda özara güýç synanyşdy.
* Ispan toparlary 15-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazandy. Bu ugurda 9 ýeňiş bilen italýanlar 2-nji ýerde barýar.
* 43-nji gezek gowşurylan UEFA Super Kubogyny şu wagta çenli iň köp “Milan” we “Barselona” toparlary eýelemegi başardy (5).

Çeşme: Zaman

19 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.06.2026 12:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8320)
Hakykatdanam Ronaldosyz Real ozki yaly dal eken, gorup oturym gaty gowşapdyr. Indiki sezonlarda nahili bolarika, siz nali pikirdesiniz?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.06.2026 12:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8699)
Ronaldu gidenden soň Realyň ykbaly çetinleşdi öýdýän, oýun düýbünden başgaça boldy. Atletiko bolsa bu ýeňşe doly mynasyp boldy, oýny örän gyzykly geçdi.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 27.06.2026 12:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8795)
Hakykatdan hem Ronaldosyz Real Madridin oyuny onky yaly dal. Atleto bolsa hakyky sowukganlylyk bilen kupogy alyp gitdi, oz-ozleri bilen oynamak hem gyzykly boldy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.06.2026 01:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8846)
Ronaldu gidenden soň Realyň oýny kän üýtgän ýaly, Atletiko bolsa hakykatdanam örän güýçli oýnady. Sizce geljekki möwsümde Real Madrid ýene özüne gelip bilermikä?
0 ses
Awtor: (Doktor) | 15.07.2026 05:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10472)
Ronaldu gidenden soň Realyň oýny düýbünden başgaça bolup galany göze dürtülip dur, indi oýunlary öňküsi ýaly gyzykly däl. Sizçe Madrid indiki möwsümde düzümini nähili täzelemeli?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 18.07.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10780)
Hakykatdanam Ronaldonyň ýoklugy Real Madrida täsir etdi öýdýän, oýun gaty çekişmedik bolup çykdy. Atletiko bolsa soňky ýyllarda gaty güýçlendi, olara ýeňiş ýaraşdy.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 19.07.2026 19:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10914)
Ronaldu gidip, Realin yagdayy gaty kynlaşdy diysen bolar. Atletiko dogrudan hem gowy oynady, ozleri hem layyk boldy bu kuboga.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 21.07.2026 10:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11067)
Hakykatdan hem Ronaldonyň ýoklugy duýuldy, semiz we aynekli, ýöne Atletiko hakykatdanam gaty güýçli oýnady bu gezek. Sizçe indiki möwsüm Real täze hüjümçi alarmyka ýa-da Benzema bilen dowam ederler?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.07.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11894)
Hakykatdan hem Ronaldo gidenden soň Realda öňki ynamly oýun ýok ýaly. Atletiokonyn hüjümçileri bolsa bu gün gaty tapawutlandylar, garaz oýun gyzykly boldy.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (617 oçko)
  2. selbiska (532 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...