Türkmenistanda Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döredildi

+1 ses
144
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Ylym Bilim | 24.07.2018 08:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#177)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23- nji iýulda dynç alyşdan gelip, wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi we onuň dowamynda ýurtda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretdi.
Bu täze institut Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi.
Alynan maglumatyna görä, institut toplumlaýyn ylmy-barlag işlerini geçirmek, öňdebaryjy hukuk ulanyş tejribesini öwrenmek, döwleti öwreniş, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak we kanunçylygy kämilleşdirmek bilen meşgullanar.
Mundanam başga, täze döredilen edaranyň wezipeleriniň hataryna adam hukuklary babatdaky milli programmalary we planlary durmuşa geçirmek girýär.
Institutyň direktorlygyna Ýagmyr Nuryýew bellenildi, täze edara Türkmenistanyň daşary işler ministrligi gözegçilik eder.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

4 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#516)
Görüp otursak, täze guramalar köpelýär welin, netijesi hem halka duýlar diýip umyt edýärin. Ýagmyr Nuryýewiň öz işiniň öňki iş tejribesi barada kimde maglumat barmy?
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 07:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#750)
Görüp otursak, täze institutlar köpelýär, emma durmuşda nähili üýtgeşiklik bolar göreris-dä. Ýagmyr Nuryýewiň işine şowlylyk arzuw edýärin, görşüň ýaly işi agyr boljak.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 07:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1128)
Gowy täzelik eken, göräliň indi bu institut nähili netije berer-kä. Umuman, täze reformalaryň halka peýdasynyň degmegini isleýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 10.04.2026 11:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2319)
Nazaroff, gowy habar, ýöne göräýeli, bu täze institut hakykatdan hem halkyň bähbidine peýdaly işleri eder öýdýärmiň?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (584 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (349 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...