Türkmenistandaky orta mekdepler bilim bar my?

+4 ses
211
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Ylym Bilim | 14.06.2018 23:14 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#153)
Türkmenistan 1991-de Garaşsyzlygyny alandan soň köptaraplaýyn ösüş başlandy we ylym bilim pudaklarynda hem özgerişler boldy. Ilki bilen Aşgabatda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow we Türkiýäniň öňki prezidenti öz adyny göterýän Turgut Özal Türkmen-Türk mekdebini dabaraly açdylar. Soň bat-bada beýleki welaýatlarda hem Türkmen-Türk mekdepleri açylyp başlanypdy. Bu ýörite mekdepler Türkmenistandaky beýleki orta mekdeplere görä ylym we bilim taraplaýyn gaty öňe saýlanyp çykypdy. Dünýä bilim olimpiýatlaryna Türkmenistanyň adynda çykyş edýän talyplaryň ählisi Türkmen-Türk mekdeplerindendi. Bu olimpiýatlarda olar ençeme baýrak we medallar alyp Türkmenistanyň adyny beýgeltdiler. Bu mekdeplerde okan we okaýan talyplar köplenç ýiti zehinli, arassa ahlakly, birnäçe dil gepleýän talyplar bolup ýetişýärdi. Mekdebi tamamlanlar daşary ýurtlardaky dünýä belli uniwersitetlere ýokary bilim almana gidýärdiler. Hat-da Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda her ýyl Türkiýäniň uniwersitetlerinde stipendiýaly ýokary bilim almak üçin TJS diýlen saýlaw synagy gurnalýardy. Türkmenistan we Türkiýe döwletleri TJS synagynda öňe saýlanan 100 okuwça ähli-taraplaýyn goldaw we stipendiýalar berip Türkiýäniň iň gowy uniwersitetlerine ýerleşip bilim alýardylar. Her ýyl gurnalan synag netijelerinde 100 okuwçynyň 100-si hem Türkmen-Türk mekdeplerinden saýlanýardy. Türkmenistan hökümeti soňra muňa bir kesgit goýup, 50 okuwçy Türkmen-Türk mekdeplerine we 50 okuwçy beýleki mekdeplerden alynmaly diýlen karar çykardy. Bu karar bolmasa stipendiýaly okaýanlaryň hemmesi Türkmen-Türk uçurymlary bolup duruberjekdi, munuň öňüni aldylar. 2011 ýylynda bolsa Türkmenistanyň prezidentiniň buýrugy bilen bu Türkmen-Türk mekdepleri ýapyldy. Şu wagt Türkmenistanda Türkmen-Türk mekdepleri ýok, diňeje döwletiň orta mekdepleri, birnäçe Rus, Nemes we Amerikan mekdepleri bar.
Bu mekdeplerde bilim bar my? Türkmen ýaşlaryň bilim derejeleri nähili?
Türkmen-Türk mekdepleri ýapylandan soň Türkmenistanyň Dünýä bilim olimpiýatlarynda derejesi bar my? Türkmenistan näme eden bolsa özüne edýär. Ine şu wagtky mekdeplerde okuwçylaryň bilimi şu wideoda içinde. Linka basyp, wideo-a tomaşa ediň görüň!

WIDEO: http://votvideo.ru/v/5015345/LTc5MDU5NTg1XzE3MTIzMjgyNA/

9 Teswir

+5 ses
Awtor: (Talyp) | 16.06.2018 10:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#154)
türkmen türk mekdeplerinde hakyky bilim bardy. Türkmen yaşlarynda gaty köp potansiyal bar, köpüsi zehinli. Olara gowy bilim alma pursady berilse watanamyza peydaly yigit we gyzlar bolup yetişer.
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 00:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#623)
Hakykatdanam şol mekdepler ýapylyp, ýaşlaryň bilimine uly zyýan ýetdi diýip pikir edýän. Häzirki mekdeplerde sowal sorap bilýän mugallymlar azaldy, ýagdaý gynandyryjy.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 26.03.2026 03:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#962)
Ol mekdepler ýapylandan soň bilim derejesiniň ep-esli aşak düşendigini daş-töweregimizdäki ýaşlaryň bilimine seredip hem bilýäris. Hakykatdan hem öňki gazanan üstünliklerimiz ýat bolup gitdi, indi näme garaşýarka bizi?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 26.03.2026 07:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#975)
Hakykatdanam şol mekdepler ýapylandan soň bilim derejesi gaty aşak gaçdy diýip eşidýäris, ýagdaý gynandyryjy. Häzirki mekdeplerde okuwçylaryň bilimi barada bu wideo nähili netije berýär, hakykatdan hem şeýle pes derejede-mi?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.04.2026 17:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1732)
nazaroff, şol döwürler hakykatdan hem bilim derejesi örän ýokarydy, häzir bolsa ýagdaýlar gözgyny görünýär. Bu wideo hakykatdan hem içgysgynç eken, şeýle bilim bilen geljegimiz nähili bolarka?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 22:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1753)
Hakykatdanam şol mekdepler ýapylandan soň bilim derejesi ep-esli aşak düşen ýaly görünýär. Häzirki mekdeplerde sowal berilse, çagalaryň köpüsi jogap berip bilmän kynçylyk çekýärler, bu örän gynandyryjy ýagdaý.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 05.04.2026 19:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1931)
Hakykatdanam şol mekdepler ýapylyp, bilim ulgamynda uly ýitgi boldy diýip pikir edýärin. Häzirki ýaşlaryň bilim derejesi barada näme diýjegimi hem bilemok, ýagdaý gynandyrýar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 01:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2043)
Hakykatdanam öňki bilim derejesi bilen häzirki ýagdaýy deňeşdirip bolanok, çynlakaý kynçylyklar bar. Ýaşlaryň geljegi üçin has gowy mümkinçilikler döredilmeli, ýöne bu wideo hakykatdanam gynandyryjy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 20:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2626)
nazaroff, şol mekdepler ýapylyp, uly ýitgi boldy diýip pikir edýärin. Hakykatdanam, häzirki ýaşlaryň bilim derejesi barada köp zat aýdyp bolar, emma olar öňküler ýaly däl ahbetin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (586 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (349 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...